Hökmürowan Rebbiň Ruhy üstümdedir. Garyplara hoş habary bildirmegim üçin, Ol meni seçip-saýlady; göwni synyklara şypa bermäge, tussaglara azatlygy yglan etmäge, zyndandakylary boşatmaga iberdi meni.
Ol entek gepläp durka, parlak bir bulut olaryň üstüni örtdi. Bulutdan: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan gaty razydyryn. Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi.
ýagny Hakykat Ruhuny berer. Dünýä Ony kabul edip bilmez, sebäbi dünýä Ony ne görýär, ne-de tanaýar. Ýöne siz Ony tanaýarsyňyz, sebäbi Ol siziň araňyzda ýaşap, içiňizde bolar.
Indi Isa beýgeldildi we Ol Hudaýyň sagynda otyr. Ol wada edilen Mukaddes Ruhy Ata Hudaýdan kabul edip, Ony biziň üstümize ýagdyrdy. Muny siziň özüňiz görüp we eşidip dursuňyz.
Biz size owal-başdan bar bolan Ýaşaýyş Sözi hakda habar berýäris. Gulagymyz bilen eşidip, elimiz bilen tutup, gözümiz bilen görenlerimizi yglan edýäris.
Isa Mesih gelende, suwa çümdürildi. Ol biziň üçin ganyny dökdi. Ol diňe suwa çümdüriliş arkaly däl, eýsem döken gany arkaly hem Özüni aýan etdi. Mukaddes Ruh muňa şaýatdyr we Onuň şaýatlygy hakykatdyr.