Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Ёханна 5:4 - Mukaddes Kitap

4 Çünki Hudaýyň her bir perzendi dünýäni ýeňmegi başarýandyr. Biz dünýäniň üstünden bu ýeňşi imanymyz arkaly gazanýarys.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Чүнки Худайың хер бир перзенди дүнйәни еңмеги башаряндыр. Биз дүнйәниң үстүнден бу еңши иманымыз аркалы газанярыс.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Ёханна 5:4
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar ne ten, ne ynsan isleginden, ne-de är höwesinden doglupdylar. Olar Hudaý tarapyndan doglan perzentlerdir.


Bu zatlary size Mende rahatlygyňyz bolsun diýip aýtdym. Bu dünýäde gaýgy-gussaňyz bolar, ýöne mert boluň. Men dünýäni ýeňdim!» diýdi.


Isa oňa: «Hakykatdan hem, gaýtadan dogulmadyk adam Hudaýyň Şalygyny görüp bilmez» diýip jogap berdi.


Ýöne Hudaýa müň-de bir şükür! Ol Rebbimiz Isa Mesih arkaly bize ýeňiş berdi.


Siz Mesihiň adyldygyny bilýänsiňiz, şonuň üçin adalaty berjaý edýän her bir ynsan Hudaýyň perzendidir.


Hudaýyň perzendi günä etmegini dowam etmez, sebäbi oňa Hudaýyň ýaşaýyş berýän güýji ornandyr. Indi günä etmez, sebäbi ol Hudaýyň perzendidir.


Eziz balalar, siz bolsa Hudaýdansyňyz. Sizdäki Ruhuň dünýädäki ruhlardan üstündigi üçin, siz galp pygamberleri ýeňensiňiz.


Isanyň Mesihdigine ynanýan her bir adam Hudaýyň perzendidir. Atany söýýän adam Onuň perzendini-de söýýändir.


Biz Hudaýyň perzentleriniň günä etmeýändigini bilýäris. Hudaýyň Ogly olary goraýandyr, şeýtan olara el gatmaz.


Eýsem dünýäni kim ýeňip biler? Elbetde, Isanyň Hudaýyň Ogludygyna iman edýän adam ýeňip biler!


Doganlarymyz Guzynyň gany arkaly, öz şaýatlyklary arkaly ony ýeňdiler. Hatda ölüm howpy üstlerine abananda-da, janlaryny aýamadylar.


Men ot bilen garyşyk, çüýşeden ýasalan deňiz ýaly bir zat gördüm. Onuň üstünde jandary, onuň heýkelini, adyny aňladýan sany ýeňenler durdy. Olaryň ellerinde Hudaýyň beren arfalary bardy.


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün gelen ikinji ölümiň jebirlerine duçar bolmaz“».


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün çykana ýaşyryn saklanan mannadan bererin. Mundan başga-da, oňa ýüzüne täze at ýazylgy bir ak daş bererin. Bu ady daşy aljak adamdan başga hiç kim bilmez“».


Atamyň Maňa ygtyýar berşi ýaly, Men hem ýamanlykdan üstün çykana, Meniň yradamy ahyra çenli berjaý edene milletleriň üstünden ygtyýar bererin. Ol milletleri demir hasasy bilen dolandyrar; olary küýzegäriň golçasy deý çym-pytrak eder. Men oňa daň ýyldyzyny hem bererin.


Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün gelene Hudaýyň jennetdäki ýaşaýyş daragtynyň miwesinden iýmäge rugsat ederin“».


Ýamanlykdan üstün geleni Hudaýymyň ybadathanasynyň diregi ederin. Ol şol ýerde baky galar. Men onuň maňlaýyna Hudaýymyň adyny we Hudaýymyň şäheriniň adyny ýazaryn. Bu şäher gökden, Hudaýymyň huzuryndan inýän täze Iýerusalimdir. Men onuň maňlaýyna Öz adymy hem ýazaryn.


Men ýamanlykdan üstün gelip, Atam bilen Onuň tagtynda oturyşym ýaly, ýeňijä-de Meniň bilen Öz tagtymda oturmaga ygtyýar bererin.


Ýamanlykdan üstün gelen hem ak lybasa beslener. Men onuň adyny ýaşaýyş kitabyndan öçürmerin, Atamyň we Onuň perişdeleriniň huzurynda adynyň bu kitapda ýazylandygyny tassyklaryn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ