Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Ёханна 4:9 - Mukaddes Kitap

9 Bize Hudaýyň söýgüsi, ine, şundan aýan boldy: Hudaý bize ýaşaýyş bermek üçin, Özüniň ýeke-täk Ogluny dünýä iberip, Öz söýgüsini aýan etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Бизе Худайың сөйгүси, ине, шундан аян болды: Худай бизе яшайыш бермек үчин, Өзүниң еке-тәк Оглуны дүнйә иберип, Өз сөйгүсини аян этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Ёханна 4:9
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaý: «Ogluňy, ýalňyz ogluňy, söýgüli ogluň Yshagy al-da, Moryýa ýurduna bar we Meniň saňa görkezjek dagymyň üstünde Yshagy Hudaýa ýakma gurbanlygy hökmünde hödür et» diýdi.


Patyşa: «Men Rebbiň permanyny yglan edeýin» diýýär. «Sen Meniň oglumsyň, – diýdi Ol maňa – bu gün Ataň boldum Men.


Üzümçiligiň eýesiniň ol ýere ibermäge ýene bir adamy galýar, ol-da özüniň ýeke-täk söwer ogludy. Oglumy sylarlar öýdüp, ol iň soňunda kärendeçileriň ýanyna öz ogluny iberýär.


«Rebbiň ruhy üstümdedir. Garyplara Hoş Habary bildirmegim üçin, Ol Meni seçip-saýlady; tussaglara azatlygy, körlere gözüniň açyljakdygyny yglan etmäge Ol Meni iberdi. Zulum astyndakylary azatlyga çykarmaga, Rebbiň merhemet ýylyny jar etmäge Meni iberdi».


Ogry diňe ogurlamak, öldürmek, ýok etmek üçin gelýändir. Emma Men olara ýaşaýyş, bolelin ýaşaýyş bermek üçin geldim.


Isa oňa: «Ýol, hakykat we ýaşaýyş Mendirin, Mensiz hiç kim Atanyň ýanyna baryp bilmez.


Hudaý dünýäni örän söýendigi sebäpli Özüniň ýeke-täk Ogluny berdi. Ol muny Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, baky ýaşaýşa gowuşmagy üçin etdi.


Oňa iman eden höküm edilmez. Emma iman etmedik eýýäm höküm edilendir, sebäbi ol Hudaýyň ýeke-täk Ogluna iman etmedi.


Şeýlelikde, Ata hormat goýýanlar Ogla-da hormat goýmalydyrlar. Ogla hormat goýmaýan adam Ony iberen Ata-da hormat goýýan däldir.


Isa olara: «Hudaýyň işini berjaý etmek isleýän bolsaňyz, Onuň Iberenine iman ediň» diýip jogap berdi.


Gökden inen diri çörek Mendirin. Mundan iýen adam baky ýaşar. Dünýäniň ýaşaýşy üçin berjek çöregim Meniň Öz bedenimdir».


Meni Diri Ata iberdi we Men Ol arkaly ýaşaýaryn. Edil şunuň ýaly, Menden iýmitlenýän-de Men arkaly ýaşar.


Meni Iberen Meniň bilendir, Ol Meni ýeke taşlap gitmedi. Sebäbi Men hemişe Oňa ýaraýan zatlary edýärin» diýdi.


Isa olara şeýle diýdi: «Eger Ataňyz Hudaý bolsa, onda Meni söýerdiňiz, sebäbi Men Hudaýdan geldim, Öz-Özümden gelmedim, Meni Ol iberdi.


Isa olara: «Muňa ol adamyň özi hem, ene-atasy hem günäkär däl. Bu onda Hudaýyň işleriniň görkezilmegi üçin boldy.


Hudaý hatda Öz Ogluny aýaman, Ony biziň günälerimiz üçin ölüme tabşyran bolsa, onda Onuň bilen birlikde beýleki zatlaryň baryny hem eçilmezmi näme?!


Eýsem Hudaý perişdeleriň haýsy birine: «Sen Meniň Oglumsyň, bu gün Men Saňa Ata boldum» ýa-da «Men Oňa Ata, Ol bolsa Maňa Ogul bolar» diýipdir?


Isa Mesih biziň üçin Öz janyny pida edende, biz hakyky söýginiň nämedigini bildik. Diýmek, biz hem doganymyz üçin janymyzy pida etmäge taýýar bolmalydyrys.


Biz Hudaýy däl-de, ilki Hudaý bizi söýdi. Ol biziň günälerimizi päklemek üçin, Öz Ogluny gurbanlyk hökmünde iberdi. Ine, hakyky söýgi şudur.


Hudaýyň bize bolan çäksiz söýgüsine göz ýetirip, bu söýgä ynanýarys. Hudaý söýgüdir. Söýgüde ýaşaýan adam Hudaý bilen, Hudaý hem onuň bilen ýaşaýandyr.


Hudaýyň şaýatlygy, ine, şundan ybarat: Hudaý bize baky ýaşaýyş berdi, bu ýaşaýşy Öz Ogly arkaly berdi.


Men muny size, Hudaýyň Ogluna iman edenlere ýazdym. Şeýlelikde, şuny bilip goýuň: Hudaýyň Ogluna iman eden sizde baky ýaşaýyş bardyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ