Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Ёханна 4:7 - Mukaddes Kitap

7 Mähribanlarym, biri-birimizi söýeliň, çünki söýgi Hudaýdandyr. Kim söýýän bolsa, Hudaýyň perzendidir, ol Hudaýy tanaýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Мәхрибанларым, бири-биримизи сөелиң, чүнки сөйги Худайдандыр. Ким сөййән болса, Худайың перзендидир, ол Худайы танаяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Ёханна 4:7
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Size bir täze tabşyryk berýärin: biri-biriňizi söýüň. Meniň sizi söýşüm ýaly, siz-de biri-biriňizi söýüň.


Baky ýaşaýyş bolsa, Seni, ýagny ýeke-täk hak Hudaýy we Seniň iberen Isa Mesihiňi tanamakdyr.


Emma ynsan Hudaýy söýýän bolsa, ol eýýäm Hudaý tarapyndan tanalýandyr.


Çünki «Tümlükde nur parlasyn» diýen Hudaý biziň-de ýüreklerimizi ýagtylandyryp, Isa Mesihiň ýüzünde parlaýan Öz şöhratyny bize tanatdy.


Indi bolsa siz Hudaýy tanaýarsyňyz, dogrusy, Hudaý tarapyndan tanalýansyňyz. Şundan soň siz nädip şol ejiz we ýaramaz ýörelgelere dolanýarsyňyz?! Ýa-da gaýtadan olaryň guly bolmak isleýärsiňizmi?


Mukaddes Ruhuň miweleri bolsa şulardyr: söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyrlylyk, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk,


Hudaýyňyz Reb Özüne boýun egdirmek üçin siziň ýüregiňizi we nesilleriňiziň ýüregini üýtgeder, şonda siz Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz bilen jan-tenden söýüp ýaşarsyňyz.


sebäbi Hudaý bizi gorkak etmeýär. Ol bizi güýç, söýgi we özerklilik bilen doldurýar.


Indi siz hakykata gulak asmak bilen özüňizi päklediňiz, çyn doganlyk söýgüsine eýe bolduňyz. Şonuň üçin biri-biriňizi çyn ýürekden söýüň.


Doganyny söýýän adam nurda ýaşaýandyr, onda büdremäge sebäp bolup bilmez.


Siz Mesihiň adyldygyny bilýänsiňiz, şonuň üçin adalaty berjaý edýän her bir ynsan Hudaýyň perzendidir.


Eger Hudaýyň buýruklaryny berjaý edýän bolsak, onda Ony tanaýandygymyzy mälim edýäris.


«Hudaýy tanaýaryn» diýibem, Onuň buýruklaryny berjaý etmeýän adam ýalançydyr, onda hakykat ýokdur.


Mähribanlarym, men size täze buýruk däl-de, ilkibaşdan berlen köne buýrugy ýazýaryn. Bu köne buýruk siziň öňki eşiden sözüňizdir.


Hudaýyň perzendi günä etmegini dowam etmez, sebäbi oňa Hudaýyň ýaşaýyş berýän güýji ornandyr. Indi günä etmez, sebäbi ol Hudaýyň perzendidir.


Mähribanlarym, Hudaý bizi şeýle söýendigi üçin, biz hem biri-birimizi söýmelidiris.


Hiç kim hiç haçan Hudaýy gören däldir. Emma biz biri-birimizi söýýän bolsak, onda Hudaý biziň bilen ýaşaýandyr, Onuň söýgüsi kalbymyza ornaşandyr.


Hudaýyň bize bolan çäksiz söýgüsine göz ýetirip, bu söýgä ynanýarys. Hudaý söýgüdir. Söýgüde ýaşaýan adam Hudaý bilen, Hudaý hem onuň bilen ýaşaýandyr.


Kim «Hudaýy söýýärin» diýip hem, öz doganyny ýigrenýän bolsa, ol ýalançydyr. Özüniň görüp duran doganyny söýmeýän adam görmedik Hudaýyny söýüp bilmez ahyry.


Kim söýmeýän bolsa, Hudaýy tanaýan däldir, sebäbi Hudaý söýgüdir.


Isanyň Mesihdigine ynanýan her bir adam Hudaýyň perzendidir. Atany söýýän adam Onuň perzendini-de söýýändir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ