Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Ёханна 4:6 - Mukaddes Kitap

6 Biz bolsa Hudaýa degişlidiris. Kim Hudaýy tanaýan bolsa, bize gulak asar. Kim Hudaýdan bolmasa, bize gulak asmaz. Hakyky Ruh bilen ýalan ruhy, ine, biz şeýdip saýgarýarys.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Биз болса Худая дегишлидирис. Ким Худайы танаян болса, бизе гулак асар. Ким Худайдан болмаса, бизе гулак асмаз. Хакыкы Рух билен ялан рухы, ине, биз шейдип сайгарярыс.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Ёханна 4:6
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

ýagny Hakykat Ruhuny berer. Dünýä Ony kabul edip bilmez, sebäbi dünýä Ony ne görýär, ne-de tanaýar. Ýöne siz Ony tanaýarsyňyz, sebäbi Ol siziň araňyzda ýaşap, içiňizde bolar.


Meniň goýunlarym sesime gulak asýarlar, Men hem olary tanaýaryn, olar Meniň yzyma düşýärler.


Meniň size Atamdan iberjek Hemaýatçym, ýagny Atamdan çykan Hakykat Ruhy gelende, Men hakda şaýatlyk eder.


Mähribanlarym, özünde Hudaýyň Ruhunyň bardygyny aýdýan her bir adama ynanyp ýörmäň. Olaryň Hudaýdandygyny ýa-da däldigini bilmek üçin synagdan geçiriň. Sebäbi dünýäde ençeme galp pygamberler peýda boldy.


Eziz balalar, siz bolsa Hudaýdansyňyz. Sizdäki Ruhuň dünýädäki ruhlardan üstündigi üçin, siz galp pygamberleri ýeňensiňiz.


Pilat Oňa: «Diýmek, Sen Patyşa-da?» diýdi. Isa oňa: «Patyşadygymy özüň aýdyp dursuň. Men hakykata şaýatlyk etmek üçin doguldym, şonuň üçin hem dünýä geldim. Hakykatyň tarapdary bolan her bir adam Maňa gulak asar» diýip jogap berdi.


Eger kimdir biri özüni pygamber ýa-da Mukaddes Ruhdan dolan diýip saýýan bolsa, şuňa düşünmelidir: meniň ýazýanlarym Hudaýyň buýrugydyr.


Emma Hakykat Ruhy gelen wagty sizi tutuş hakykata alyp gider. Ol Öz-Özünden geplemez, näme eşitse, şony geplär we geljek zatlary size aýan eder.


Men bolsa Ýakuba ýazygyny, Ysraýyla günäsini jar etmäge, Rebbiň Ruhy bilen güýçden, adalatdan, gudratdan doludyryn.


Kim söýmeýän bolsa, Hudaýy tanaýan däldir, sebäbi Hudaý söýgüdir.


Mukaddes Ruh ahyrky günlerde käbir adamlaryň imandan dänip, azdyryjy ruhlara we jynlaryň taglymatlaryna eýerjekdiklerini aýdyň aýdýar.


Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň iberen adamymy kabul eden Meni kabul edýändir, Meni kabul eden bolsa, Meni Ibereni kabul edýändir».


Onsoň Isadan: «Seniň Ataň nirede?» diýip soradylar. Isa olara: «Siz ne Meni tanaýarsyňyz, ne-de Meniň Atamy. Meni tanaýan bolsadyňyz, Meniň Atamy-da tanardyňyz» diýdi.


Atam ähli zady Maňa tabşyrdy. Ogly Atadan başga hiç kim tanaýan däldir. Atany-da Oguldan we Ogluň Ony aýan etmek isleýän adamlaryndan başga hiç kim tanaýan däldir» diýdi.


Reb sizi agyr uka batyrdy, pygamberler gözleriňizi ýumdurdy, görgürler başlaryňyzy örtdi.


Siz bolsa, eý, söýgüli doganlar, Rebbimiz Isa Mesihiň resullarynyň öňden aýdanlaryny ýadyňyzda saklaň.


Mukaddes pygamberleriň gadymyýetde aýdan habaryny we Rebbimiz Halasgäriň resullaryňyz arkaly size beren buýrugyny ýadyňyza salmakçy.


Mese-mälim görnüp durana serediň-ä! Eger kimdir biriniň özüniň Mesihe degişlidigi barada berk ynamy bar bolsa, goý, şuňa düşünsin: biz hem edil şonuň ýaly Mesihe degişlidiris.


Mukaddes Ýazgylarda olar barada şeýle ýazylgydyr: «Hudaý olary agyr uka batyrdy, olara görýän göz, eşidýän gulak bermedi».


Isa Mesihiň guly we resullyga çagyrylyp, Hudaýyň Hoş Habaryny wagyz etmäge saýlanan men Pawlusdan dogaýy salam!


Isa olara ýene-de: «Size rahatlyk bolsun! Atamyň Meni iberişi ýaly, Men hem sizi iberýärin» diýdi.


Meniň bu agyldakylardan başga-da goýunlarym bar. Men olary hem ýygnamalydyryn. Olar hem Meniň sesimi eşiderler, şonda bir süri, bir çopan bolar.


Ýalançy, kezzap biri gelip: «Size bol şerap we çakyr hakynda wagyz edeýin» diýse, bu halk şeýle pygamberi kabul eder.


Isa olara: «Siz aşakdansyňyz, Men ýokardandyryn; siz bu dünýädensiňiz, Men bolsa, bu dünýäden däldirin.


Sakçy oňa gapyny açyp berýändir. Goýunlar çopanyň sesini eşidýändirler. Çopan hem goýunlaryny atma-at çagyryp, olary örä alyp çykýandyr.


Biz özümiziň Hudaýdandygymyzy, bütin dünýäniň bolsa şeýtanyň golastyndadygyny bilýäris.


Ol Rebbe: „Men giderin-de, Ahabyň ähli pygamberlerini ýalan sözlederin“ diýip jogap berdi. Onsoň Reb oňa: „Sen git-de ony yr, sen muny başararsyň“ diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ