Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Ёханна 4:1 - Mukaddes Kitap

1 Mähribanlarym, özünde Hudaýyň Ruhunyň bardygyny aýdýan her bir adama ynanyp ýörmäň. Olaryň Hudaýdandygyny ýa-da däldigini bilmek üçin synagdan geçiriň. Sebäbi dünýäde ençeme galp pygamberler peýda boldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Мәхрибанларым, өзүнде Худайың Рухуның бардыгыны айдян хер бир адама ынанып йөрмәң. Оларың Худайдандыгыны я-да дәлдигини билмек үчин сынагдан гечириң. Себәби дүнйәде энчеме галп пыгамберлер пейда болды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Ёханна 4:1
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň ol pygamber Hudaýyň adamyna şeýle diýdi: «Men hem seniň ýaly bir pygamberdirin. Rebbiň tabşyrygy boýunça bir perişde maňa: „Ol çörek iýip, suw içer ýaly ony yzyna öwür-de, özüň bilen bile öýüňe alyp gaýt“ diýdi». Ol Hudaýyň adamyny aldaýardy.


Nadan her söze ynanýandyr, paýhasly adam bolsa öz ädimini oýlaýandyr.


Reb maňa şeýle jogap berdi: «Pygamberler Meniň adymdan ýalandan pygamberlik edýärler. Olary Men ýollamadym. Olara Men ne buýruk berdim, ne-de olar bilen gepleşdim. Olaryň size edýän pygamberlikleri galp görnüş, biderek palçylyk bilen öz ýürekleriniň hilesidir».


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Özüňize pygamberlik edýän pygamberleriň sözlerini diňlemäň, olar size biderek zatlar öwredýärler. Olar Rebbiň agzyndan çykan sözleri däl-de, öz ýürekleriniň hyýalyny sözleýärler.


pygamberler galp pygamberlik edýärler, ruhanylar olaryň görkezmesi bilen dolandyrýarlar. Meniň halkym bolsa muny söýýär. Emma bu zatlaryň soňy gelende näme edersiňiz?»


Şonda kimdir biri size: „Ine, Mesih bu ýerde“ ýa-da „Anha, ol ýerde“ diýse, ynanmaň.


Näme üçin özüňize dogry zady saýlap alyp bilmeýärsiňiz?


Isa: «Ägä boluň, hiç kim sizi aldaýmasyn! Köpler Meniň adym bilen gelip: „Men – Şolduryn“ we „Wagt golaýlady!“ diýerler. Olaryň yzyna düşmäň.


Beriýadaky ýahudylaryň gözýetimi Salonikidäki ýahudylaryňka garanda has giňdi. Olar Isa hakyndaky habary göwünjeňlik bilen kabul edip, Pawlusyň aýdanlarynyň hakykatdygyny görmek üçin, Mukaddes Ýazgylary her gün seljerýärdiler.


Men gidenimden soňra, araňyza ýyrtyjy möjekleriň geljegini bilýärin, olar sürini aýap goýmazlar.


Ol birine gudrat görkezme, başgasyna pygamberlik, ýene birine ruhlary saýgarma, başga birine nämälim diller, ýene birine bu dilleri manylandyrma peşgeşini berýär.


Pygamberleriň bolsa ikisi ýa-da üçüsi gürlesin. Beýlekiler bolsa olaryň aýdanlaryny saldarlap görsünler.


Pygamberlik sözlerine äsgermezçilik etmäň.


Her zady synap görüň. Gowy zady gaýym saklaň.


«Rebbiň güni golaýlady» diýip aýdýan haýsydyr bir habar, pygamberlik ýa-da hat bizden ýaly bolup görünse-de, şolar sebäpli haýdan-haý aljyramaň, galpylda düşmäň.


Mukaddes Ruh ahyrky günlerde käbir adamlaryň imandan dänip, azdyryjy ruhlara we jynlaryň taglymatlaryna eýerjekdiklerini aýdyň aýdýar.


Pisler we kezzaplar bolsa aldap, aldanyp, öz pisliklerinde barha ilerlärler.


Öňler halk arasynda galp pygamberleriň bolşy ýaly, siziň araňyzda-da galp mugallymlar peýda bolar. Olar heläkleýji we ýalan taglymatlar getirmek bilen, özlerini ýesirlikden boşadan Rebbi-de inkär ederler. Şeýdip, öz başlaryndan duýdansyz bela-beter indererler.


Eý, balalar, bu dünýäniň ahyrky günleri ýetip gelendir. Siz Mesihiň duşmanynyň geljekdigini eşidensiňiz. Hut şu wagt hem Mesihe garşy çykýanlaryň ençemesi peýda boldy. Ine, bu wakalardan biz dünýäniň ahyrky günleriniň ýetip gelendigini bilýäris.


Mähribanlarym, men size täze buýruk däl-de, ilkibaşdan berlen köne buýrugy ýazýaryn. Bu köne buýruk siziň öňki eşiden sözüňizdir.


Ençeme ýalançylar dünýä ýaýrady. Olar Isa Mesihiň ynsan bolup gelendigini inkär edýärler. Beýle adamlar ýalançydyr, Mesihiň duşmanydyr.


Mähriban dostum, sen ýamandan däl-de, ýagşydan görelde al. Ýagşylyk edýän adam Hudaýdandyr. Ýamanlyk edýän adam bolsa Hudaýy tanaýan däldir.


„Men seniň ähli edenleriňi, şol sanda zähmet çekendigiňi, gaýratlydygyňy bilýärin. Seniň ýaman adamlary ýigrenýändigiňi hem bilýärin. Sen özlerini resul saýýanlary synap, olaryň ýalan resuldyklaryny äşgär etdiň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ