Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Ёханна 2:7 - Mukaddes Kitap

7 Mähribanlarym, men size täze buýruk däl-de, ilkibaşdan berlen köne buýrugy ýazýaryn. Bu köne buýruk siziň öňki eşiden sözüňizdir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Мәхрибанларым, мен сизе тәзе буйрук дәл-де, илкибашдан берлен көне буйругы язярын. Бу көне буйрук сизиң өңки эшиден сөзүңиздир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Ёханна 2:7
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Öz halkyňdan öç alma, olaryň hiç biri babatda içiňde kitüw saklama. Gaýtam, ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý. Men Rebdirin.


Araňyzda ýaşaýan gelmişekler siziň üçin ildeşiňiz ýaly bolsun. Olary özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň, çünki sizem Müsür ilinde gelmişek bolupdyňyz. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Siz: „Ýakynyňy söý, duşmanyňy ýigren“ diýlenini hem eşidensiňiz.


Size bir täze tabşyryk berýärin: biri-biriňizi söýüň. Meniň sizi söýşüm ýaly, siz-de biri-biriňizi söýüň.


Olar Pawlusy tutup, Arýopagus mejlisine getirip, şeýle diýdiler: «Seniň öwredýän bu täze taglymatyňyň nämedigini biz hem bilsek bolarmy?


Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz, ähli güýjüňiz bilen jan-tenden söýüň.


Eziz dostlar, biz şeýle diýsek hem, siziň beýle däldigiňizi bilýäris. Siziň dogry ýoldan ýöräp, halas boljakdygyňyza ynanýarys.


Goý, siziň ilkibaşdan eşiden sözüňiz kalbyňyzda ornasyn. Şonda siz Ogul bilenem, Ata bilenem ýaşarsyňyz.


Siz biri-birimizi söýmelidigimiz barada owal-başdan eşidensiňiz.


Mähribanlarym, biz indi Hudaýyň perzentleridiris. Biziň nähili özgerjekdigimiz entek belli däl, emma Mesihiň geljek pursadynda Oňa meňzejekdigimizi bilýäris, sebäbi Ony bolşy ýaly göreris.


Mähribanlarym, eger wyždanymyz bizi ýazgarmasa, onda Hudaýyň huzurynda ynamly bolarys.


Biz Onuň Ogly Isa Mesihe iman etmelidiris we Isanyň buýruşy ýaly biri-birimizi söýmelidiris. Bu Hudaýyň buýrugydyr.


Mähribanlarym, özünde Hudaýyň Ruhunyň bardygyny aýdýan her bir adama ynanyp ýörmäň. Olaryň Hudaýdandygyny ýa-da däldigini bilmek üçin synagdan geçiriň. Sebäbi dünýäde ençeme galp pygamberler peýda boldy.


Mähribanlarym, Hudaý bizi şeýle söýendigi üçin, biz hem biri-birimizi söýmelidiris.


Hudaý bize: «Hudaýy söýýän adam öz doganyny-da söýsün» diýip buýruk berdi.


Mähribanlarym, biri-birimizi söýeliň, çünki söýgi Hudaýdandyr. Kim söýýän bolsa, Hudaýyň perzendidir, ol Hudaýy tanaýandyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ