6 «Men Hudaýa sygynyp ýaşaýaryn» diýýän adam Isa Mesihiň ýaşaýşy ýaly ýaşamalydyr.
6 «Мен Худая сыгынып яшаярын» диййән адам Иса Месихиң яшайшы ялы яшамалыдыр.
Çünki maňa bolan sadyk söýgiň beýikdir, Sen janymy ölüler dünýäsinden halas eýlediň.
Meniň boýuntyrygymy dakynyň-da, Menden öwreniň. Men mylaýym hem pes göwünlidirin, janyňyz rahatlyk tapar.
Meniň size edenimi, siz hem biri-biriňize edersiňiz diýip, Men size görelde görkezdim.
Men Atamyň buýruklaryny berjaý edip, Onuň söýgüsine wepaly bolşum ýaly, siz hem buýruklarymy berjaý etseňiz, Meniň söýgime wepaly bolarsyňyz.
Meniň Mesihden görelde alşym ýaly, siz-de menden görelde alyň.
Mesih ýaly söýüp ýaşaň. Ol bizi söýüp, Hudaýa ýakymly ysly sadaka hem gurbanlyk hökmünde biziň üçin janyny gurban etdi.
Ine, siz şunuň üçinem çagyryldyňyz, sebäbi Mesih siziň üçin ejir çekdi. Öz yzyna eýermegiňiz üçin, Ol size görelde boldy.
Indi, eý, balalar, Mesih gelende ynamymyz bolup, Onuň huzurynda utanmaz ýaly, Onuň bilen ýaşalyň.
«Hudaýy tanaýaryn» diýibem, Onuň buýruklaryny berjaý etmeýän adam ýalançydyr, onda hakykat ýokdur.
Hudaýyň buýruklaryny berjaý edýän adam Hudaý bilen, Hudaý hem onuň bilen ýaşaýandyr. Hudaýyň biziň bilen ýaşaýandygyny Onuň her birimize beren Ruhundan bilýäris.
Mesih bilen ýaşaýan adam günäden ýüz öwrer. Emma henizem günä edýän adam Ony ne görýändir, ne-de tanaýandyr.
Şeýlelik bilen söýgi bizde kämilleşip, kyýamat güni bize ynam berer. Sebäbi biz bu dünýäde edil Mesih ýaly ýaşaýarys.