Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Ёханна 2:3 - Mukaddes Kitap

3 Eger Hudaýyň buýruklaryny berjaý edýän bolsak, onda Ony tanaýandygymyzy mälim edýäris.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Эгер Худайың буйрукларыны берҗай эдйән болсак, онда Оны танаяндыгымызы мәлим эдйәрис.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Ёханна 2:3
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

dawa-jenjel agtarýan halkyň içinde, uzak wagtlap mesgen tutmaly boldum.


Janynyň çeken jebir-jepalarynyň hözirini görüp, ol kanagatlanar. Öz bilşine görä, Meniň dogry gulum köpleri aklar, öz üstüne alar olaryň etmişini.


Näme üçin Maňa: „Ýa Reb! Ýa Reb!“ diýip-de, aýdanlarymy etmeýärsiňiz?


Meni söýýän bolsaňyz, buýruklarymy berjaý ediň.


Men Atamyň buýruklaryny berjaý edip, Onuň söýgüsine wepaly bolşum ýaly, siz hem buýruklarymy berjaý etseňiz, Meniň söýgime wepaly bolarsyňyz.


Eger buýruklarymy berjaý etseňiz, Meniň dostlarym bolarsyňyz.


Baky ýaşaýyş bolsa, Seni, ýagny ýeke-täk hak Hudaýy we Seniň iberen Isa Mesihiňi tanamakdyr.


Çünki «Tümlükde nur parlasyn» diýen Hudaý biziň-de ýüreklerimizi ýagtylandyryp, Isa Mesihiň ýüzünde parlaýan Öz şöhratyny bize tanatdy.


Şeýlelikde, Hudaý arkaly Isa Mesih kämil bolup, Ol Özüne tabyn bolýanlaryň hemmesini ebedilik halas etmegi başarýar.


Eý, atalar, size ýazýaryn: siz owal-başdan aýan bolan Isany tanaýarsyňyz. Eý, ýigitler, size ýazýaryn: siz şeýtany ýeňdiňiz.


Biz özümiziň ölümden ýaşaýşa gowşandygymyzy bilýäris, sebäbi doganlarymyzy söýýäris. Doganyny söýmeýän adam ölümiň penjesinde galýandyr.


Şonda biz özümiziň hakykata degişlidigimizi bileris we Hudaýyň huzurynda biziň wyždanymyz päk bolar. Eger wyždanymyz bizi ýazgaraýsa-da, Hudaý ondan beýikdir, Ol hemme zady bilýändir.


Mesih bilen ýaşaýan adam günäden ýüz öwrer. Emma henizem günä edýän adam Ony ne görýändir, ne-de tanaýandyr.


Hudaý biziň bilen we biziň hem Hudaý bilen ýaşaýandygymyzy Onuň her birimize beren Ruhundan bilýäris.


Mähribanlarym, biri-birimizi söýeliň, çünki söýgi Hudaýdandyr. Kim söýýän bolsa, Hudaýyň perzendidir, ol Hudaýy tanaýandyr.


Biz özümiziň Hudaýdandygymyzy, bütin dünýäniň bolsa şeýtanyň golastyndadygyny bilýäris.


Biz Hudaýyň perzentlerini söýýändigimizi nädip bilýäris? Hudaýy söýüp, Onuň buýruklaryny berjaý edýänligimizden bilýäris.


Hudaýy söýmek Onuň buýruklaryny berjaý etmekdir. Onuň buýruklary bolsa agyr däldir.


Onsoň aždarha aýala gaty gazaplandy. Ol aýalyň beýleki çagalary, ýagny Hudaýyň buýruklaryny berjaý edip, Isa barada şaýatlyk edýänler bilen uruşmaga gitdi.


Şoňa görä-de, Hudaýyň buýruklaryny berjaý edip, Isa Mesihe sadyk bolup galýanlar gaýratly bolmalydyr.


Öz lybaslaryny ýuwýanlar bagtlydyr! Olaryň ýaşaýyş daragtynyň miwesinden iýmäge, şäher derwezesinden girmäge haklary bardyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ