Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Ёханна 1:9 - Mukaddes Kitap

9 Emma günälerimizi boýun alsak, sadyk hem adalatly Hudaý günälerimizi bagyşlar we bizi her hili ýamanlykdan tämizlär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Эмма гүнәлеримизи боюн алсак, садык хем адалатлы Худай гүнәлеримизи багышлар ве бизи хер хили яманлыкдан тәмизләр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Ёханна 1:9
37 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Öz ysraýyl halkyň we men guluň şu ýere tarap bakyp dileg edenimizde, guluňyň, halkyň Ysraýylyň ýalbaryşlaryny eşit. Öz gökdäki mesgeniňden eşit-de, bizi bagyşla.


olar hem ýesirlige äkidilen ýurtlarynda oýlanyp toba edip, ýalbaryp: „Biz nähaklyk edip, günä gazandyk, pislik etdik“ diýip,


Guluň bolan meniň ysraýyl halkynyň Saňa garşy eden günäsini boýun alyp, gije-gündiz Saňa edýän dilegimi eşideriň ýaly, gulagyň eşitgir, gözüň ýiti bolsun. Menem, atalarymam günä etdik.


Ol dogrulygy, adalaty söýýändir; ýer ýüzi Rebbiň sadyk söýgüsinden doludyr.


Müňlerçe nesillere sadyk söýgimi görkezerin. Etmişi, ýazygy we günäni bagyşlaýaryn. Ýöne günälini jezasyz hem goýmaýaryn. Atalarynyň etmişiniň jezasyny çagalaryna, olaryň çagalarynyň çagalaryna, olaryň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin».


Ýazyklaryny ýaşyran üstünlik gazanmaz, olary boýun alyp terk etse, merhemet tapar.


Bildiriň, dawaňyzy aýdyň, goý, hemmesi üýşüp maslahatlaşsynlar! Muny owaldan aýdan kim? Geçmişde aýan eden kim? Men – Reb dälmidir? Menden başga hudaý ýokdur, Men adyl Hudaý we Halasgärdirin, Menden başga hiç kim ýokdur.


Emma sen öz ýazygyňy boýun al: öz Hudaýyň Rebbiň garşysyna baş galdyrdyň, gür ýaprakly her bir agajyň astynda keseki hudaýlara köňül berdiň, Maňa gulak asmadyň. Muny Reb aýdýandyr.


Olary Maňa garşy eden ähli günälerinden saplaryn; Maňa garşy eden ähli günälerini, bar eden etmişlerini bagyşlaryn.


Her säher bular täzelenýär, Seniň wepadarlygyň beýikdir!


Onsoň üstüňize tämiz suwdan seperin, siz tämiz bolarsyňyz; sizi ähli haramlygyňyzdan, ähli butlaryňyzdan tämizlärin.


Mundan beýläk özlerini butlary bilen, ýigrenji zatlary bilen ýa-da her dürli jenaýatlary bilen haram etmezler; Men olary eden ähli dönükliginden halas ederin, tämizlärin. Şeýlelikde, olar Meniň halkym bolarlar, Men hem olaryň Hudaýy bolaryn.


Şatlan, eý, Sion gyz, şatlan! Eý, Iýerusalim gyzy, belent owaz bilen gygyr! Ine, Patyşaň saňa tarap gelýär. Adyl hem ýeňijidir Ol! Ol bir eşege, eşegiň-de taýharyna münüp, pes göwünlilik bilen saňa gelýär.


Olar günäleri üçin toba edip, Ýahýa tarapyndan Iordan derýasynda çümdürilýärdiler.


Tutuş Ýahudyýanyň we Iýerusalimiň ilaty onuň ýanyna gelýärdi. Olar günäleri üçin toba edip, Ýahýa tarapyndan Iordan derýasynda suwa çümdürilýärdiler.


Emma Petrus: «Eý, zenan, men Ony tanamaýaryn» diýip inkär etdi.


Eý, adalatly Ata, dünýä Seni tanamaýar, emma Men Seni tanaýaryn. Bu adamlar hem Meni Seniň iberendigiňi bilýärler.


Iman edenleriň köpüsi gelip, eden etmişlerini açyk boýun aldylar.


Sizi Öz Ogly Isa Mesih bilen ýakyn gatnaşykda bolmaga çagyran Hudaý ynamdardyr.


Siziň-de käbirleriňiz şolar ýalydyňyz. Ýöne siz Rebbimiz Isa Mesihiň ady bilen Hudaýymyzyň Ruhy arkaly ýuwuldyňyz, Hudaýyň mukaddes halky bolduňyz, aklandyňyz.


Şonuň üçin hem Hudaýyňyz Rebbiň hakyky Hudaýdygyny bilip goýuň. Ol ynamdar Hudaýdyr. Ol Özüni söýenleriň we buýruklaryny ýerine ýetirenleriň müňlerçe nesline sadyk söýgüsini we ähtini saklaýar.


Şoňa görä-de: «Isa Mesih günäkärleri halas etmäge geldi» diýen sözler dogry we her jähtden kabul ederlikdir. Şol günäkärleriň iň günäkäri-de mendirin.


Isa Mesih bizi ähli günälerden halas etmek üçin, Özüni gurban etdi. Ol muny Özüne ýagşylyk etmekde erjel, päk, eziz bir halky gazanmak üçin etdi.


Indi ykrar eden umydymyzy ikirjiňlenmän berk saklalyň, çünki wada beren Hudaý ynamdardyr.


Özüniň garrandygyna we aýaly Saranyň önelgesizdigine garamazdan, Ybraýym iman arkaly perzent gördi. Sebäbi ol wada beren Hudaýyň sadykdygyna ynandy.


Hudaý adalatlydyr. Ol siziň bitiren işiňizi, Onuň halkyna eden we edýän hyzmatyňyz bilen Özüne bolan mähir-muhabbetiňizi unutmaz.


Emma Hudaýyň nurda bolşy ýaly, biz hem nurda gezýän bolsak, onda biri-birimiz bilen ýakyn gatnaşygymyz bardyr. Onuň Ogly Isanyň gany bizi ähli günäden tämizleýändir.


Olar Hudaýyň guly Musanyň we Guzynyň aýdymyny aýdýardylar: «Ýa Reb Hökmürowan Hudaý! Seniň işleriň beýik, täsindir. Eý, milletleriň Şasy! Seniň ýollaryň dogry we hakdyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ