Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




1 Ёханна 1:8 - Mukaddes Kitap

8 Günämiz ýok diýsek, onda biz özümizi aldaýandyrys, bizde hakykat ýokdur.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Гүнәмиз ёк дийсек, онда биз өзүмизи алдаяндырыс, бизде хакыкат ёкдур.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




1 Ёханна 1:8
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar Saňa garşy günä etseler, – günä etmeýän adam ýokdur – Sen gazaplanyp, olary duşman eline berseň, duşman olary ýesir edip, ýakynu-uzak ýurda äkitse,


Işaýa pygamber: «Olar seniň köşgüňde näme zatlary gördüler?» diýip, Hizkiýadan sorady. Hizkiýa: «Olar meniň köşgümde bolan zatlaryň baryny gördüler. Ammarlarymda olara görkezilmedik hiç bir zat galmady» diýip jogap berdi.


Olar Saňa garşy günä etseler – günä etmeýän adam ýokdur – Sen gazaplanyp, olary duşman eline berseň, duşman olary ýesir edip, ýakynu-uzak ýurda äkitse,


Kim haramdan tämizi çykaryp bilýär? Hiç kim!


Tämiz bolar ýaly, ynsan kim bolupdyr? Ynsandan doglan dogry bolup bilermi?


Ynsan Hudaýyň öňünde nädip dogry bolup biler? Ynsandan doglan nädip päk bolup biler?


«Dogrusy, munuň şeýledigini men bilýän, ýöne Hudaýyň öňünde ynsan neneň dogry bolup biler?


Ol meniň sadyk söýgimdir, meniň galam, berkitmäm, Halasgärimdir, meniň galkanym, Penakärimdir. Ol halklary maňa tabyn edýändir.


«Ýüregimi tämizledim, günäden päklendim» diýip, kim aýdyp biler?


Dogrusy, ýer ýüzünde diňe ýagşylyk edip, hiç bir günä etmeýän dogry adam ýok.


Ählimiz edil goýun ýaly azaşdyk; öz ýolumyz bilen gitdik herimiz, Reb ählimiziň etmişimizi oňa ýükledi.


Haram adam deý bolduk ählimiz, ähli dogry işlerimiz haram esgi deý. Solýarys biz ýaprak deý, ýel dek alyp gidýär ýazyklarymyz bizi.


sen diýýäň: ‘Men günäsiz, elbetde, Rebbiň gahary sowuldy menden’. Ine, ‘Men günä etmedim’ diýeniň üçin, Men seniň üstüňden höküm çykararyn.


Emma deri keseli endama ýaýrap, ol keselliniň başyndan aýagyna çenli bütin endamyny tutan bolsa, ruhany ony gözden geçirsin. Eger deri keseli onuň tutuş endamyna ýaýran bolsa, ruhany kesellini tämiz diýip yglan etsin. Diňe bütin endamynyň agaranlygy üçin keselli tämizdir.


Siziň ataňyz iblisdir, siz onuň islegini berjaý etmek isleýärsiňiz. Ol owaldan ganhordy, hiç wagt hakykatyň tarapdary bolmandy, sebäbi onda hakykat ýok. Ol ýalan sözlände, öz-özünden sözleýär, çünki ol ýalançy, ýalanyň atasydyr.


Mukaddes Ýazgylarda hem şeýle ýazylgydyr: «Dogry adam ýok, ýok ýeke biri-de;


sebäbi hemmeler günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldular.


Goý, hiç kim öz-özüni aldamasyn. Eger kimdir biri özüni dünýä ölçegine laýyklykda dana saýýan bolsa, goý, «akmak» bolsun. Şonda ol dogrudan-da dana bolar.


Emma kimdir biri hiç bolup-da, özüne nämedirin öýtse, ol özüni aldaýandyr.


Bular zerarly pikirleri zaýalanan adamlaryň arasynda agzalalyklar ýüze çykýar. Olar hakykaty ýoýup, Hudaýyň ýörelgesi gazanç ýoludyr öýdýärler.


Pisler we kezzaplar bolsa aldap, aldanyp, öz pisliklerinde barha ilerlärler.


Hudaýyň sözüni ýöne bir diňläp goýman, eýsem, onda aýdylanlary ýerine ýetiriň, ýogsam siz özüňizi aldaýansyňyz.


Eger kimde-kim özüni dindar saýýan bolsa, emma dilini saklamaýan bolsa, ol özüni aldaýandyr, onuň dindarlygy biderekdir.


Biziň hemmämiz hem köp günä edýäris. Emma sözünde hata goýbermän, dilini jylawlap bilýän adam kämil bolup, tutuş bedenine gözegçilik edip bilýändir.


Olar öz eden ýamanlyklaryna laýyk jezasyny alarlar. Olar gündiziň güni keýp çekmekden hyjuwlanýarlar. Bular masgara hem ýüzügaradyrlar. Siziň bilen nahar iýýän wagty hem olar özleriniň hilegärliklerinden keýp alýarlar.


Günä etmedik diýsek, Hudaýy ýalançy edýändiris, kalbymyzda Onuň sözleri ýokdur.


Biz Onuň bilen ýakyn gatnaşykda ýaşaýandygymyzy aýdyp-da, tümlükde gezýän bolsak, onda ýalan sözleýändiris, hakykaty berjaý edýän däldiris.


«Hudaýy tanaýaryn» diýibem, Onuň buýruklaryny berjaý etmeýän adam ýalançydyr, onda hakykat ýokdur.


Kim «Hudaýy söýýärin» diýip hem, öz doganyny ýigrenýän bolsa, ol ýalançydyr. Özüniň görüp duran doganyny söýmeýän adam görmedik Hudaýyny söýüp bilmez ahyry.


Sebäbi hakykat kalbymyza ornandyr we ol ebedilik biziň bilen bolar.


Doganlar gelip, seniň sadyklyk bilen hakykata eýerip ýaşaýandygyňy habar berenlerinde, meniň şatlygymyň çägi bolmady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ