Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Закаря 9:3 - Mukaddes Kitap

3 Sur özüne berkitme gurdy, gum kimin kümüş, köçe hapasy ýaly altyn üýşürdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Сур өзүне беркитме гурды, гум кимин күмүш, көче хапасы ялы алтын үйшүрди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Закаря 9:3
16 Iomraidhean Croise  

Ol ýerden Sur galasyna we hiwileriň hem-de kenganlaryň ähli galalaryna aýlandylar. Iň soňunda olar Ýahudanyň Negep çölündäki Beýerşeba galasyna gitdiler.


Süleýmanyň gap-gaçlarynyň barysy altyndandy. Onuň «Liwan jeňňeli» atly köşgüniň ähli gap-gaçlary-da sap altyndandy. Kümüşden hiç zat ýokdy, sebäbi kümüş Süleýmanyň döwründe hiç zatça görülmeýärdi.


Süleýman Iýerusalimde kümşi daşlar bilen deň etdi, kedr agajyny bolsa günbatar baýyrlykda gögerýän ýabany injir agajy kimin köpeltdi.


altyny topraga, Opyr tyllasyny jülgedäki daşlaryň arasyna atsaň,


Kümşi çäge kimin ýygnap, geýim baryn toplasalar-da,


öýlerini kümüşden dolduran, altyn toplan han-begler bilen dynçlykda bolardym.


Reb deňiz üstüne elini uzadyp, patyşalyklary titretdi; ýok etmegi buýurdy ol Kengan galalaryny.


Täçleri berýän Sura garşy beýle karar çykaran kim? Suruň täjirleri şazadalardy, täjirleri dünýäniň abraýly adamlarydy.


Baýlygyňy talap, mal-mülküňi basyp alarlar, diwarlaryňy ýykyp, gözel jaýlaryňy weýran ederler. Daşlaryňy, agaçlaryňy we topragyňy deňze taşlarlar.


Ýykylan günüň seniň baýlygyň, harytlaryň, mallaryň, deňizçileriň, gämiçileriň, jaýryklaryňy suwaýanlar, harytlaryňy alyş-çalyş edýänler, sendäki ähli urşujylar we içiňdäki ähli jemagat deňizler ummanyna gark bolarlar.


Harytlaryň deňizden çykanda, sen köp halklary doýurdyň, baýlygyň we harytlaryň köplügi bilen patyşalary baýatdyň.


Ine, deňizde, suwlaryň düýbünde kül-peýekun bolanyňda, içiňdäki harytlaryň we ähli jemagatyň özüň bilen bile gark boldy’.


Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:


Reb şeýle diýýär: «Men surlulary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki olar doganlyk ähtini unudyp, tutuş jemagaty Edoma gul edip satdylar.


Şundan soň serhet Rama öwrülip, berk Sur galasyna gelýär we ýene-de yzyna Hosa tarap aýlanyp, Ortaýer deňzinde gutarýar. Olaryň ýerlerine Mahalap, Akzyp, Umma, Apek, Rehop ülkeleri hem degişlidir. Olar obalary bilen bile jemi ýigrimi iki galadyr.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan