Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Закаря 7:3 - Mukaddes Kitap

3 Şeýle hem olar Hökmürowan Rebbiň ybadathanasyndaky ruhanylarydyr pygamberlerinden: «Ýyllar boýy edişimiz ýaly, bäşinji aýda agyz bekläp aglalymy?» diýip soramalydylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Шейле хем олар Хөкмүрован Реббиң ыбадатханасындакы руханыларыдыр пыгамберлеринден: «Йыллар бойы эдишимиз ялы, бәшинҗи айда агыз бекләп аглалымы?» дийип сорамалыдылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Закаря 7:3
21 Iomraidhean Croise  

Ussalar Rebbiň ybadathanasynyň düýbüni tutanlarynda, Ysraýyl patyşasy Dawudyň girizen düzgünine görä, ýörite lybaslaryny geýnen ruhanylar surnaýlar, Asafyň neslinden bolan lewiler bolsa kimwallar alyp, Rebbe alkyş aýtmak üçin öňe çykdylar.


Aglamagyň öz wagty bar, gülmegiň öz wagty; ýas tutmagyň öz wagty bar, tans etmegiň öz wagty.


Meniň halkym bilimsizlikden weýran edilýär. Sen bilimi ret edeniňden soň, Men seni Maňa ruhany bolmakdan ret edýärin. Sen Hudaýyň kanunyny unudanyňdan soň, Men-de seniň çagalaryňy unudaryn.


Girelge bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda Rebbe hyzmat edýän ruhanylar aglasyn. Diýsinler: «Öz halkyňa rehim eýle, Reb, halklara gülki bolmazlyk üçin, Sen etme masgara saýlan halkyňy. „Olaryň Hudaýy nirede?“ diýlip, milletler arasynda aýdylmagy gerekmi?»


«Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Ruhanylardan kanun hakynda sora.


Şonda Hökmürowan Reb maňa şeýle diýdi:


«Ýurduň ähli halkyna hem-de ruhanylaryna aýt: „Ýetmiş ýyllap bäşinji hem ýedinji aýlarda ýas tutup, agyz bekläniňizde, siz muny Meniň üçin edipmidiňiz?


«Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Dördünji, bäşinji, ýedinji hem-de onunjy aýlardaky agyz bekleýän günleriňiz ýahuda halky üçin şatlyk-şagalaň, dabaraly baýramçylyklar bolar. Şoňa görä hakykaty hem parahatlygy söýüň“».


Ruhanynyň sözleri bilimi goramalydyr. Ol Hökmürowan Rebbiň wekilidir, ynsanlar onuň agzyndan öwüt-ündew gözlemelidir.


Isa olara: «Giýew ýanlaryndaka, heý-de, toýuň myhmanlary ýas tutarmy? Emma giýewiň olardan alynjak günleri geler, şonda olar agyz beklärler.


Diňe Hudaýa doga edýän wagtyňyz bolaýmasa, başga wagt biri-biriňizi är-aýallyk hukugyndan mahrum etmäň. Bu hem özara ylalaşyga görä diňe wagtlaýyn bolsun. Soňra gaýtadan birigiň. Ýogsa özüňize erk edip bilmeýänligiňizden peýdalanyp, şeýtan sizi azdyraýmasyn.


Seniň hökümleriňi Ýakuba, Kanunyňy Ysraýyla öwreder. Seniň huzuryňda hoşboý buhur, gurbanlyk sypaňda başbitin ýakma gurbanlygyny ýakar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan