Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Закаря 1:9 - Mukaddes Kitap

9 Men: «Jenabym, bular näme?» diýip soradym. Meniň bilen gepleşip duran perişde maňa: «Olaryň nämedigini men saňa görkezerin» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Мен: «Җенабым, булар нәме?» дийип сорадым. Мениң билен геплешип дуран перишде маңа: «Оларың нәмедигини мен саңа гөркезерин» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Закаря 1:9
17 Iomraidhean Croise  

Şonda düýşümde Hudaýyň perişdesi maňa: „Ýakup!“ diýip ýüzlendi. Men Oňa: „Lepbeý!“ diýip jogap berdim.


Men ol ýerde duranlaryň birine ýakynlaşyp, ondan bulara degişli ähli hakykaty soradym. Şeýdip, ol maňa bu zatlaryň ýorgudyny aýdyp berdi:


Soňra Reb meniň bilen gepleşen perişdä mähirli hem köşeşdiriji sözler bilen jogap berdi.


Özüm bilen gepleşen perişdeden: «Bular näme?» diýip soradym. Ol: «Bular Ýahudany, Ysraýyly hem-de Iýerusalimi dargadan şahlar» diýip jogap berdi.


Meniň bilen gepleşen perişde menden daşlaşanda, başga bir perişde ony garşylamaga çykdy.


Meniň bilen gepleşen perişde ýene geldi-de, meni ukudan oýaran ýaly edip turuzdy.


Men ol perişdeden: «Onda çyradanyň sagyndaky hem çepindäki iki düýp zeýtun agajy nämäni aňladýar?» diýip soradym.


Soňra meniň bilen gepleşen perişde öňüme geçdi-de: «Ýokaryňa seret, şol gelýän zadyň nämedigini gör» diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan