Закаря 1:3 - Mukaddes Kitap3 Şonuň üçin hem olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Maňa tarap öwrülsinler. Şonda Menem size tarap öwrülerin. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn. Faic an caibideilМукаддес Китап3 Шонуң үчин хем олара Хөкмүрован Реб шейле диййәр дий: „Маңа тарап өврүлсинлер. Шонда Менем сизе тарап өврүлерин. Муны Мен – Хөкмүрован Реб айдяндырын. Faic an caibideil |
«Aýdaly, bir adam aýalynyň talagyny berýär, ol aýal hem onuň bilen aýrylyşyp, başga birine barýar. Mundan soň ýaňky adam bu aýaly ikinji gezek alarmy? Beýle etse ýurt bütinleý haram bolmazmy? Sen bolsa, eý, Ysraýyl, köp oýnaşlar bilen zyna etdiň. Indi bir Maňa tarap öwrülersiňmi? Muny Reb aýdýandyr.
Men siziň ýanyňyza yzly-yzyna gullarym bolan pygamberlerimiň ählisini iberip: ‘Indi her biriňiz pis ýollaryňyzdan dönüp, ýagşylyk ediň, başga hudaýlara gulluk etmek üçin olaryň yzyna düşmäň, şonda siz özüňize hem ata-babalaryňyza beren ýurdumda ýaşarsyňyz’ diýdim. Emma siz Meni diňlemediňiz, Maňa gulak asmadyňyz.