Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýunus 4:9 - Mukaddes Kitap

9 Hudaý Ýunusdan: «Ösümlik babatda gaharlanmaga hakyň barmy?» diýip sorady. Ýunus: «Hawa, hakym bar. Gahardan ýaňa özüme ölüm dileýärin» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Худай Юнусдан: «Өсүмлик бабатда гахарланмага хакың бармы?» дийип сорады. Юнус: «Хава, хакым бар. Гахардан яңа өзүме өлүм дилейәрин» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýunus 4:9
13 Iomraidhean Croise  

Ahap ýizregelli Nabodyň aýdan sözüne ýüzüni sortduryp, gaharly halda öýüne gaýtdy, çünki Nabot: «Atalarymyň mirasyny saňa bermerin» diýipdi. Ahap öýüne gelip, hiç zat iýip-içmezden düşegine geçip, ýüzüni ters öwrüp ýatdy.


Gaharyňa öz janyňa zor salýarsyň, sen diýip dünýä terk edilsinmi? Gaýalar süýşsünmi?


Sak bol, baýlyk bilen aldanaýma, para gyzygyp, ýoldan çykaýma.


Akmagy gahar-gazap öldürýär, nadany gabanjaňlyk ýok edýär.


Ýunus muňa gaty gamlandy we onuň gahary geldi.


Şonda Reb oňa şeýle diýdi: «Öz zähmetiň siňmedik, bir gijäniň içinde ösüp, bir gijäniň içinde-de guran ösümlige seniň nebsiň agyranda, sagyny-soluny saýgaryp bilmeýän ýüz ýigrimi müňden agdyk adama we köp mal-garasy bolan şeýle uly şäher Ninewä Meniň neneň haýpym gelmesin?»


Gün doganda, Hudaý gündogardan epgek öwüsdirdi. Gün Ýunusyň depesini gaýnadyp başlady, onda ysgyn-mydar galmady. Ol özüne ölüm diläp: «Ýaşanymdan ölenim gowudyr» diýdi.


Isa olara: «Meniň janym öler ýaly tukat. Siz bu ýerde galyň we oýa boluň» diýdi.


Çünki Hudaýdan bolan gynanç adamy toba getirip, onuň halas bolmagyna ýardam edýär. Bu toba ökündirýän däldir. Emma dünýäden bolan gynanç ölüme eltýändir.


Adamlar şol günlerde ölümi agtararlar, ýöne ony tapmazlar. Ölümi küýsärler, ýöne ölüm olardan gaçar.


Delila her gün sorap, Şimşonyň ýüregine düşdi. Ol ony halys irizip, janyndan bizar etdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan