Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýunus 4:8 - Mukaddes Kitap

8 Gün doganda, Hudaý gündogardan epgek öwüsdirdi. Gün Ýunusyň depesini gaýnadyp başlady, onda ysgyn-mydar galmady. Ol özüne ölüm diläp: «Ýaşanymdan ölenim gowudyr» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Гүн доганда, Худай гүндогардан эпгек өвүсдирди. Гүн Юнусың депесини гайнадып башлады, онда ысгын-мыдар галмады. Ол өзүне өлүм диләп: «Яшанымдан өленим говудыр» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýunus 4:8
23 Iomraidhean Croise  

Olardan soň bolsa gündogar ýeline guran ýedi sany puç däne sümmüli ösüp çykýarmyş.


Ylýas pygamberiň özi bolsa çölde bir günlük ýol ýöräp, gelip, bir gyrymsy sübse agajynyň aşagynda oturdy-da, öz ölümini diläp: «Besdir, ýa Reb, indi meniň janymy al, çünki men atalarymdan gowy däldirin» diýdi.


Ahap ýizregelli Nabodyň aýdan sözüne ýüzüni sortduryp, gaharly halda öýüne gaýtdy, çünki Nabot: «Atalarymyň mirasyny saňa bermerin» diýipdi. Ahap öýüne gelip, hiç zat iýip-içmezden düşegine geçip, ýüzüni ters öwrüp ýatdy.


Emma Eýýup aýalyna: «Sen akmak aýal ýaly gepleýärsiň. Hudaýdan ýagşylygy kabul edip, ýamanlygy kabul etmälimi?» diýip jogap berdi. Şunça hasratlaryň içinde-de Eýýup gepi-sözi bilen günä etmedi.


Şu tende ýaşandan, boglup ölenim gowudyr.


«Seni söýýänler aman ýaşasyn! Diwarlaryňyň içinde parahatçylyk bolsun, gala diňlerinde howpsuzlyk bolsun!» diýip, Iýerusalimiň parahatlygy üçin doga-dilegler ediň.


Eý, Hudaýym, islegiňi berjaý etmekden lezzet alýaryn; Seniň kanunyň hem meniň kalbymda».


Tizgahar bolma, çünki gahar akylsyzlaryň gursagynda ornaşýar.


Eý, köňlümiň aşygy, aýtsana maňa, nirede bakýaň süriňi? Günorta çagy olara nirede dynç berýäň? Ýoldaşlaryňyň sürüleriniň ýanynda näme üçin sergezdan zenan dek bolaýyn?


Ajykmazlar, suwsamazlar, jöwza hem Gün olary ýakmaz, çünki olara rehim edeniň Özi ýol görkezer, olary suw çeşmelerine getirer.


Ýöne ony gazap bilen sogrup ýere taşladylar; gündogar ýeli miwesini guratdy, berk şahalary goparylyp soldy, olary ýalynly ot ýakyp ýok etdi.


Efraýym doganlarynyň arasynda barly-barjamly bolsa-da, Gündogardan epgek, çölden Rebbiň ýeli öwser. Onuň çeşmesi kesiler, guýusy gurap galar. Hazynasyndan şaý-sepleri talanar».


Onsoň Musa Haruna: «Ine, bu Rebbiň: „Hyzmatymy edýän ruhanylar Meniň mukaddesligime hormat goýmalydyrlar. Bütin halk Meni şöhratlamalydyr“ diýeni şudur» diýdi. Harun sesini çykarmady.


Emma Reb deňze güýçli ýel iberdi; deňizde elhenç gaý turup, gämi çagşara geldi.


Indi bolsa, Ýa Reb, meniň janymy al, çünki ýaşanymdan ölenim gowudyr».


Hudaý Ýunusdan: «Ösümlik babatda gaharlanmaga hakyň barmy?» diýip sorady. Ýunus: «Hawa, hakym bar. Gahardan ýaňa özüme ölüm dileýärin» diýdi.


«Bu iň soňky gelenler diňe bir sagat işlediler, biz bolsa, jöwzaly yssyda günuzyn agyr zähmet çekdik. Muňa garamazdan sen biziň zähmetimizi olaryňky bilen deň etdiň» diýýärler.


Men Öz söýýänlerime käýäp, olary terbiýeleýändirin. Şonuň üçin-de, yhlasly bol, toba et!


Olar indi asla ajykmazlar, asla suwsamazlar, olary gün urmaz, jöwza-da ýakmaz.


Şondan soň Şamuwel hiç zady gizlemän, hemmesini bolşy ýaly Eliýä gürrüň berdi. Eliý: «Ol Rebdir, goý, Ol Öz halanyny etsin» diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan