Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýunus 4:6 - Mukaddes Kitap

6 Ýunusyň üstüne saýa salar ýaly we ony köşeşdirer ýaly, Beýik Hudaý ol ýerde bir düýp ösümlik gögertdi. Muňa Ýunusyň göwni galkyndy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Юнусың үстүне сая салар ялы ве оны көшешдирер ялы, Бейик Худай ол ерде бир дүйп өсүмлик гөгертди. Муңа Юнусың гөвни галкынды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýunus 4:6
11 Iomraidhean Croise  

Şol gün Haman şadyýan, göwnühoş bolup çykyp gaýtdy. Emma patyşa köşgüniň derwezesinde, Mordekaýyň özünden heder edip, ýerinden turmandygyny görende, Haman Mordekaýa garşy gahar-gazapdan doldy.


Kölegäni küýseýän gul, muzduna garaşýan günlükçiler kimin,


Seniň gözüň baýlyga kaklyşanda, şol baýlyk gidýändir, çünki ol birden ganat çykaryp, bürgüt ýaly asmana uçýandyr.


Hizkiýa Babyl patyşasynyň wekillerini şatlyk bilen kabul etdi; olara hazynasyndaky kümşüni, altynyny, hoşboý ysly zatlaryny, gymmatbaha ýaglaryny, ýarag gorhanasyny hem-de ammarlaryndaky zatlary görkezdi. Ol köşgündäki we bütin patyşalygyndaky zatlaryň baryny wekillere görkezdi.


Siz Lodebarda puç zada şatlanyp: „Karnaýymy öz güýjümiz bilen basyp almadykmy näme?“ diýýärsiňiz.


Ýunus şäherden çykdy we onuň gündogar tarapynda bir ýerde dyz epdi. Şol ýerde özüne çatma dikdi we şähere näme bolýanyny görmek üçin, ol onuň kölegesinde oturdy.


Emma ertesi gün daňdan Hudaý bir gurçuk iberdi we ol gurçuk ösümligi içinden iýip, ony guratdy.


Şeýle hem siz erbet ruhlaryň özüňize boýun bolmagyna däl-de, atlaryňyzyň gökde ýazylmagyna begeniň» diýdi.


Aglaýanlar aglamaýanlar ýaly, şatlanýanlar şatlanmaýanlar ýaly, emläk edinýänler edil emlägi bolmadyklar ýaly ýaşasyn.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan