Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýunus 4:2 - Mukaddes Kitap

2 Ol Rebbe şeýle doga okady: «Ýa Reb, şeýle boljagyny men öz ýurdumdakam aýtmanmydym näme? Men şol sebäpden hem dessine Tarşyşa gaçdym-a. Seniň merhemetli, rehimli, giň göwünli, sadyk söýgä baý Hudaýdygyňy we jeza bermekden el çekmäge taýyndygyňy bilýärdim ahyryn.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Ол Реббе шейле дога окады: «Я Реб, шейле болҗагыны мен өз юрдумдакам айтманмыдым нәме? Мен шол себәпден хем дессине Таршыша гачдым-а. Сениң мерхеметли, рехимли, гиң гөвүнли, садык сөйгә бай Худайдыгыңы ве җеза бермекден эл чекмәге тайындыгыңы билйәрдим ахырын.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýunus 4:2
24 Iomraidhean Croise  

Ylýas pygamberiň özi bolsa çölde bir günlük ýol ýöräp, gelip, bir gyrymsy sübse agajynyň aşagynda oturdy-da, öz ölümini diläp: «Besdir, ýa Reb, indi meniň janymy al, çünki men atalarymdan gowy däldirin» diýdi.


Olar daglardan aşyp, jülgelere – Seniň olar üçin bellän ýeriňe inýär.


Reb körleriň gözüni açýar, Reb bükülenleri dikeldýär, Reb dogry ynsanlary söýýär.


Sion babatda şeýle aýdylar: «Bu adam hem, ol adam hem şu ýerde doglan». Beýik Hudaýyň hut Özi ony berkarar eder.


Arslany, ýylany sen depgilärsiň, ýolbarsy, alahöwreni sen basgylarsyň.


Şundan soň, Reb halkynyň üstünden bela-beter indermek pikirinden el çekdi.


emma gürrüňini eden bu milletim şonda erbetliginden dönse, onuň başyndan inderjek betbagtlygymdan el çekerin.


Ýa Reb, Sen meni aldadyň, men-de aldandym. Sen menden güýçlüsiň, Sen meni ýeňdiň. Bütin gün men boldum gülki, ýaňsylaýar her kim meni.


Indi ýollaryňyzy we işleriňizi düzediň, Hudaýyňyz Rebbe gulak asyň. Şonda Reb-de siziň garşyňyza aýdan betbagtçylygyny goýbolsun eder.


„Eger siz şu ýurtda galsaňyz, Men sizi guraryn, ýykmaryn; bina ederin, sogrup taşlamaryn. Çünki Men siziň başyňyzdan inderen betbagtçylygyma ökünýärin.


Onsoň Reb muňa gaýtmyşym etdi. Reb: «Beýle zat bolmaz!» diýdi.


Reb muňa-da gaýtmyşym etdi. Hökmürowan Reb: «Bu-da bolmaz!» diýdi.


Ýöne Ýunus Rebbiň nazaryndan gaçyp, Tarşyşa gitmek üçin ýola düşdi. Ol Ýafo şäherine gelip, Tarşyşa gidýän bir gämi tapdy. Gäminiň ýol kireýini töledi we Rebbiň nazaryndan gaçyp, Tarşyşa gitmek üçin, gämiçiler bilen bile gämä mündi.


Şondan soň Hudaý olaryň edenlerini, ýaman ýoldan dönendiklerini görüp, gazabyndan saklanyp, görkezjek diýen erbetligini olara görkezmekden el çekdi.


Belki, Hudaý pikirini üýtgeder, gazabyndan saklanar; şeýdip, biz heläk bolmarys».


Öz mirasyndan aman galanlaryň ýazygyny bagyşlap, günäsini geçýän başga Hudaý barmyka? Gazabyny ebedi saklamaýar Ol, çünki Ol merhemet görkezmegi söýýär.


Emma ol özüni aklajak bolup, Isadan: «Meniň ýakynym kim bolýar?» diýip sorady.


Çünki Hudaýyňyz Reb rehimli Hudaýdyr. Ol sizi taşlap gitmez ýa-da ýok etmez. Ol ata-babalaryňyza wada eden ähtini unutmaz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan