Isany çagyran fariseý muny görüp: «Eger bu adam pygamber bolýan bolsa, Özüni elleýän aýalyň kimdigini, nähilidigini bilerdi. Bu aýal günäkär ahyryn» diýip, içini gepletdi.
Pawlus bilen Barnap hem batyrgaýlyk bilen şeýle diýdiler: «Hudaýyň Hoş Habary ilki size wagyz edilmelidi. Emma siz ony ret etdiňiz! Bu bolsa siziň baky ýaşaýşa mynasyp däldigiňizi subut edýär. Şonuň üçin biz keseki milletlere ýüzlenýäris.