Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýunus 3:6 - Mukaddes Kitap

6 Bu habar Ninewe patyşasyna ýetende, ol tagtyndan düşüp, şa lybasyny çykardy we jul geýnip, kül üstünde oturdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Бу хабар Ниневе патышасына етенде, ол тагтындан дүшүп, ша лыбасыны чыкарды ве җул гейнип, күл үстүнде отурды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýunus 3:6
20 Iomraidhean Croise  

Ahap bu sözleri eşidende, ýakasyny ýyrtyp, jul geýnip, agyz bekläp, julda ýatyp, uly gama batdy.


Eýýup gaşanmak üçin bir küýze döwügini aldy-da, külüň üstünde oturdy.


Munuň üçin özümi ýigrenip, başymdan gumdur kül sowrup toba edýärin».


Köçelerinde jul geýinýärler, üçeklerde, meýdançalarda her kes perýat edýär, zar-zar aglaşýar.


Patyşa bilen onuň ejesine aýt: „Tagtyňyzdan düşüp, aşakda oturyň, çünki şöhrat täjiňiz başyňyzdan aýryldy“.


Barugyň golýazmadan halka okap beren ähli sözlerini Mikaýa olara aýdyp berdi.


Ýöne bu sözleriň hemmesini eşiden patyşadyr onuň ähli hyzmatkärleri gorkmadylar, eginbaşlarynam ýyrtmadylar.


Eý, Meniň eziz halkym! Jul geýnip, kül üstünde otur. Ýalňyz çagaň üçin ýas tutýan dek ajy gözýaş dök, çünki üstümize duýdansyz heläkleýji geler».


Sion gyzynyň ýaşululary ýerde çök düşüp otyrlar ümsüm. Jul geýindiler, başlaryndan sowurdylar gum. Başlaryny aşak egdiler, Iýerusalimiň ýaş gyzlary hem.


Ýere ýüzin ýykylsyn, belki, umyt bardyr.


Şonda deňiz boýundaky ähli hökümdarlar tagtlaryndan düşüp, donlaryny çykararlar, keşdeli eşiklerini sypyrarlar. Gorky lybasyna girip, ýerde oturarlar we dynuwsyz sandyraşyp, saňa aňk-taňk bolarlar.


Onsoň men ýüzümi Taňry Hudaýa tarap öwürdim. Agyz bekläp, jul geýnip, kül üstünde oturyp, dileg etdim, Ony agtaryp ýalbardym.


Muny Gatda aýtmaň, ahy-nalaňyzy bes ediň; Beýtlegaparda gamgynlykdan guma togalanyň.


«Dat günüňe, eý, Horazin! Dat günüňe, eý, Betsaýda! Sizde görkezilen gudratlar Sur bilen Sidonda görkezilen bolsady, onda olar bireýýäm jul geýnip, kül üstünde oturyp toba ederdiler.


Dat günüňe, eý, Horazin! Dat günüňe, eý, Betsaýda! Sizde görkezilen gudratlar Sur bilen Sidonda görkezilen bolsady, onda olar bireýýäm jul geýnip, kül üstünde oturyp toba ederdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan