Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýunus 3:4 - Mukaddes Kitap

4 Ýunus şähere girdi we bir günlük ýol geçip: «Ýene kyrk günden Ninewe ýykyljak» diýip jar çekdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Юнус шәхере гирди ве бир гүнлүк ёл гечип: «Ене кырк гүнден Ниневе йыкылҗак» дийип җар чекди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýunus 3:4
10 Iomraidhean Croise  

Şol döwürlerde Hizkiýa syrkawlap, ölüm ýassygynda ýatyrdy. Amozyň ogly Işaýa pygamber onuň ýanyna gelip: «Reb şeýle diýýär: „Öýüňdäkilere wesýet et, çünki sen ölersiň, sen bu keselden gutulmarsyň“» diýdi.


Men seniň ömrüňi on bäş ýyl uzaldaryn. Men seni we bu şäheri Aşur patyşasynyň elinden halas ederin. Men Iýerusalimi Özümiň we gulum Dawudyň hatyrasy üçin goraryn“».


Reb size merhemet etjek bolup garaşýar, ýokarda size rehim etmäge häzir, çünki Reb adalat Hudaýydyr; Oňa intizarlar nähili bagtly!


„Eger siz şu ýurtda galsaňyz, Men sizi guraryn, ýykmaryn; bina ederin, sogrup taşlamaryn. Çünki Men siziň başyňyzdan inderen betbagtçylygyma ökünýärin.


Şondan soň Hudaý olaryň edenlerini, ýaman ýoldan dönendiklerini görüp, gazabyndan saklanyp, görkezjek diýen erbetligini olara görkezmekden el çekdi.


Ninewe halky kyýamat güni bu nesle garşy çykyp, ony höküm eder, sebäbi olar Ýunusyň wagzy bilen toba geldiler. Ine, bu ýerde Ýunusdan hem üstün Biri bar.


Ýunus Ninewe halkyna nähili alamat bolan bolsa, Ynsan Ogly-da bu nesle edil şonuň ýaly alamat bolar.


Ninewe halky kyýamat güni bu nesle garşy çykyp, ony höküm eder, sebäbi olar Ýunusyň wagzy bilen toba geldiler. Ine, bu ýerde Ýunusdan hem üstün Biri bar.


Eger bir pygamber Rebbiň adyndan sözlän bolsa, ol iş hem başa barmasa ýa-da hakykata öwrülmese, ol söz Rebden däldir. Ony pygamberiň özi toslap tapandyr, siz ol pygamberden gorkmaň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan