Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýunus 3:10 - Mukaddes Kitap

10 Şondan soň Hudaý olaryň edenlerini, ýaman ýoldan dönendiklerini görüp, gazabyndan saklanyp, görkezjek diýen erbetligini olara görkezmekden el çekdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Шондан соң Худай оларың эденлерини, яман ёлдан дөнендиклерини гөрүп, газабындан сакланып, гөркезҗек диен эрбетлигини олара гөркезмекден эл чекди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýunus 3:10
18 Iomraidhean Croise  

Hudaý Iýerusalimiň halkyny weýran etmek üçin bir perişdesini iberdi. Perişde halky weýran etjek bolanda, Reb muny görüp, bu betbagtçylygy goýbolsun etdi. Ol weýran edýän perişdä: «Besdir! Indi eliňi çek!» diýdi. Şonda Rebbiň perişdesi ýabusly Ornanyň harman ýeriniň golaýyndady.


Şundan soň, Reb halkynyň üstünden bela-beter indermek pikirinden el çekdi.


Ýazyklaryny ýaşyran üstünlik gazanmaz, olary boýun alyp terk etse, merhemet tapar.


Reb size merhemet etjek bolup garaşýar, ýokarda size rehim etmäge häzir, çünki Reb adalat Hudaýydyr; Oňa intizarlar nähili bagtly!


Men bir milleti ýa-da patyşalygy sogrup taşlamak, ýumrup ýok etmek barada jar etsem,


emma gürrüňini eden bu milletim şonda erbetliginden dönse, onuň başyndan inderjek betbagtlygymdan el çekerin.


Belki, ýahuda halky başyndan indermegi niýet eden ähli bela-beterlerim hakynda eşidende, öz ýaman ýolundan döner, Men-de olaryň etmişlerini we günälerini bagyşlaryn».


„Eger siz şu ýurtda galsaňyz, Men sizi guraryn, ýykmaryn; bina ederin, sogrup taşlamaryn. Çünki Men siziň başyňyzdan inderen betbagtçylygyma ökünýärin.


Eşikleriňize derek ýürekleriňizi parçalaň, Hudaýyňyz Rebbe dolanyp geliň». Ol merhemetli hem rehimli, giň göwünli, sadyk söýgä baý, Ol jeza bermekden el çekmäge taýýar.


Onsoň Reb muňa gaýtmyşym etdi. Reb: «Beýle zat bolmaz!» diýdi.


Reb muňa-da gaýtmyşym etdi. Hökmürowan Reb: «Bu-da bolmaz!» diýdi.


Ol Rebbe şeýle doga okady: «Ýa Reb, şeýle boljagyny men öz ýurdumdakam aýtmanmydym näme? Men şol sebäpden hem dessine Tarşyşa gaçdym-a. Seniň merhemetli, rehimli, giň göwünli, sadyk söýgä baý Hudaýdygyňy we jeza bermekden el çekmäge taýyndygyňy bilýärdim ahyryn.


Ninewe halky kyýamat güni bu nesle garşy çykyp, ony höküm eder, sebäbi olar Ýunusyň wagzy bilen toba geldiler. Ine, bu ýerde Ýunusdan hem üstün Biri bar.


Ýigit kakasynyň ýanyna ugraýar. Ogly entek uzakdaka, kakasy ony görýär. Oňa ýüregi awaýar, ylgap baryp oglunyň boýnundan gujaklap, ony ogşaýar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan