şatlykdyr gülki sesi, öýlenýän ýigit bilen gelniň toý sesi, Rebbiň öýüne şükür sadakalaryny getirip, şu aýdymy aýdýanlaryň sesi ýaňlanar: ‘Hökmürowan Rebbe alkyş bolsun! Çünki Reb ýagşydyr, sadyk söýgüsi bakydyr!’ Men ýurduň öňki abadançylygyny ozalkysy ýaly gaýtaryp bererin. Muny Reb aýdýandyr“.
Şoňa görä-de, eý, doganlar, Hudaýyň merhemetiniň hatyrasy üçin size ýalbarýaryn: özüňizi Onuň halajak diri we mukaddes gurbanlygy hökmünde hödürläň. Şeýtseňiz, Hudaýyň huzurynda mynasyp tärde hyzmat etdigiňiz bolar.
Olaryň azgyn aýallykdan gazanan hakyny aýdylan sadakalaryň tölegi hökmünde Hudaýyňyz Rebbiň öýüne getirmäň. Çünki bularyň ikisi hem Hudaýyňyz Reb üçin nejislikdir.