Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýunus 2:8 - Mukaddes Kitap

8 Ýa Reb, jandan umyt üzenimde, Seni çagyrdym. Öz mukaddes ybadathanaňda sözümi eşitdiň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Я Реб, җандан умыт үзенимде, Сени чагырдым. Өз мукаддес ыбадатханаңда сөзүми эшитдиң.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýunus 2:8
11 Iomraidhean Croise  

Olar Rebbiň parzlaryny, atalary bilen eden ähtini, Onuň beren duýduryşlaryny ret etdiler. Olar dereksiz hudaýlaryň yzyna eýerip, özleri hem dereksiz adamlar boldular. Olar Rebbiň: «Töweregiňizdäki milletler ýaly ýaşamaň» diýip tabşyran milletleriniň yzlaryna eýerdiler.


Şoňa görä, ruhum sustlandy, meniň ýüregim sarsdy.


Munuň üçin sadyklaryň her biri günäsini aňlan wagty Saňa etsin dogany. Şonda, muňa ýokdur hiç şübhe: oňa ýetmez köp suwlaryň joşmagy.


Olaryň bary akmak hem akylsyzdyr. Biderek butlardan tälim alýarlar, olar guran agaçdan ýasalandyr!


Reb meniň güýjüm hem galamdyr, betbagtlyk gününde Penakärimdir! Dünýäniň dört künjünden milletler Seniň huzuryňa gelip: «Biziň ata-babalarymyz diňe ýalan zatlary, özlerine birjik-de peýdasy bolmadyk biderek butlary miras aldylar» diýerler.


Çünki Meniň halkym iki sany pis iş etdi: akar suwlaryň gözbaşy bolan Meni terk etdiler, özlerine howdanlar, gyrasy çat açan, suw saklamaýan howdanlar gazdylar.


Ähliňiz eşidiň, eý, halklar! Gulak goýuň, eý, zemin we onuň ýaşaýjylary! Hökmürowan Reb mukaddes mesgeninden size garşy güwälik eder.


Galp hudaýlaryň yzyna düşmäň. Olar size ne peýda berer, ne-de sizi gorar, çünki olar bihuda zatlardyr.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan