Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýunus 2:7 - Mukaddes Kitap

7 Indim daglaryň düýbüne. Gapylary baky ýapylýan ýere düşdüm. Ýöne, eý, Hudaýym Reb, janymy çuňlukdan halas etdiň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Индим дагларың дүйбүне. Гапылары бакы япылян ере дүшдүм. Йөне, эй, Худайым Реб, җанымы чуңлукдан халас этдиң.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýunus 2:7
23 Iomraidhean Croise  

Onsoň ruhanylardyr lewiler ýerlerinden turup, halka ak pata berdiler. Olaryň sesleri eşidilip, dilegleri gökdäki Hudaýyň mukaddes mesgenine ýetdi.


Goý, Reb ähli ýaranjaň agyzlary, badyhowa gürleýän dilleri kessin.


Duşmanlar aňtaýar meniň janymy, ýer bilen ýegsan etdiler ýaşaýşymy, gadymyýetde ölenler kimin, olar tümlükde oturtdy meni.


Ýa Reb, Öz gökleriňi ýar we aşaga in, daglara el degir, goý, tütesinler!


Gün gelin jaýdan giýew dek çykýar, ylgamakçy bolýan ýüwrük kimin şatlanýar.


Sen oňa ebedi bereket berýäň, huzuryňdaky şatlyk bilen ony şat edýäň.


Eý, janym, sen näme üçin gamlanýaň? Näme üçin sen içimde yňranýaň? Umydyňy Hudaýa bagla, men ýene Oňa – Halasgärime we Hudaýyma öwgi aýdaryn.


Sensiň meniň Patyşam hem-de Hudaýym. Ýakup üçin ýeňişleri Sen buýur.


Saňa sežde edýär bütin ýer ýüzi; olar Saňa nagma aýdýarlar, Seniň adyňa nagma aýdýarlar». Sela


Çeken ejirim-ezýetim öz haýryma boldy; meni söýendigiň üçin janymy heläkçilik çukuryndan sakladyň, ähli günälerimi arkaňa atdyň.


Siziň araňyzda Rebden gorkup, Onuň gulunyň sözüne gulak asýan barmy? Garaňkylykda gezýän, yşygy bolmadyk, Rebbiň adyna bil baglap, Hudaýyna daýansyn.


Çuňluga, deňizleriň bagryna taşladyň meni. Gurşady suwlar meni. Ähli güýçli tolkunlaryň üstümden geçdi meniň.


Ähliňiz eşidiň, eý, halklar! Gulak goýuň, eý, zemin we onuň ýaşaýjylary! Hökmürowan Reb mukaddes mesgeninden size garşy güwälik eder.


Emma Özüniň mukaddes ybadathanasyndadyr Reb, goý, bütin dünýä dymsyn Onuň öňünde!


Siz aryp, ruhdan düşmez ýaly, Isa hakda pikir ediň. Ol günäliler tarapyndan köp ezýet çekip, hemmesine çydady.


Dawudyň haly teňdi, çünki halk ony daşlamak isleýärdi. Sebäbi ogul-gyzlarynyň ýesir alnanyna adamlaryň jany ýanýardy. Emma Dawut öz Hudaýy Rebden güýç aldy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan