Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýunus 2:6 - Mukaddes Kitap

6 Suw kekirdegime geldi. Ýesir düşdüm çuňluga. Başyma çolaşdy deňiz otlary.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Сув кекирдегиме гелди. Есир дүшдүм чуңлуга. Башыма чолашды деңиз отлары.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýunus 2:6
25 Iomraidhean Croise  

oňa rehimi inip: „Gabyrdan halas et, men onuň üçin töleg tapdym“ diýse,


Ol janymy gabyrdan gutardy, indi durmuşyň hözirini görerin“ diýýär.


Ol ähtini, müň nesle beren sözüni, Ybraýym bilen eden ähtini, Yshaga beren Öz wadasyny elmydama ýatda saklaýar.


Beýiklikden uzat eliňi, haýbatly suwlardan, kesekilerden azat et, halas et meni.


Olar rehim etmäge ýapýarlar ýüreklerini, ulumsylyk bilen gürleýär olaryň agzy.


Tutuş ýer ýüzüne ýaýrandyr olaň owazy, dünýäniň dört künjegine – olaň sözleri. Hudaý Gün üçin göklerde dikdi çadyry,


Maňa gulak goý, tiz ýetiş meniň dadyma; bol Sen meni penalaýan bir gaýa, halas bolmagym üçin bir mäkäm gala.


tabşyrmadyň meni duşman eline; duruzdyň aýaklarymy giň ýerde.


Ol deňzi gury ýere öwürdi; olar derýadan pyýada geçdi; Onuň şol ýerde edenlerine şatlandyk.


Eý, Hudaý, meni halas etmegi niýetiňe sal; ýa Reb, tiz ýetiş meniň dadyma.


«„Ömrümiň iň ýagşy çagynda, men gitmeli; ölüler dünýäsiniň derwezelerinden girip, galan ýyllarymdan mahrum edildim“ diýdim.


Çeken ejirim-ezýetim öz haýryma boldy; meni söýendigiň üçin janymy heläkçilik çukuryndan sakladyň, ähli günälerimi arkaňa atdyň.


Suwlary goşawujy bilen, gökleri garşy bilen ölçän kim? Ýeriň tozuny ölçege salan, Baýyrlary terezide, daglary gapanda çeken kim?


seni ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde gadymy halkyň ýanyna indererin. Ilatsyz bolar ýaly, seni ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde ýeriň teýinde, gadymdan bäri harabaçylyga öwrülen ýerlerde ornaşdyraryn; sen gaýdyp ilatly bolmarsyň ýa-da dirileriň ýaşaýan ýurduny eýelemersiň.


Şeýlelikde, suwlaryň ýakasynda ýetişen hiç bir agaç boý alyp, belende çykmaz ýa-da başlary buluda ýetmez we bol suw içip ösen hiç bir agaç beýle belentlige ýetmez. Olaryň bary gabra inýän ähli ynsanlar bilen birlikde ölüler dünýäsine ýeriň teýine inderildiler».


Seni görüp, daglar titreşdi, siller joşdy, çuňluklar seslenip, tolkunlar möwç urdy.


Ol saklananda, ýer sarsdy, Ol bakanda, milletleri titretdi. Gojaman daglar kül boldy, gadymy baýyrlar baş egdi. Onuň ýollary ebedidir.


Men saňa şuny aýdaýyn: Eý, Petrus! Sen gaýasyň, Men ýygnagymy bu gaýanyň üstünde guraryn, hatda ölüm-de bu ýygnagymy ýeňip bilmez.


Çünki ot bolup tutaşar Meniň gazabym, ölüler dünýäsiniň düýbüne çenli ýanar. Ýeri nygmatlary bilen bile ýuwudar ol ot, daglaryň binýadyny ýakyp kül eder.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan