Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýunus 2:2 - Mukaddes Kitap

2-3 Soňra Ýunus balygyň garnyndan öz Hudaýy Rebbe ýüzlenip, şeýle doga okady: «Jebir çekenimde, ýa Reb, çagyrdym Seni. Jogap berdiň maňa. Ölüler diýarynyň goýnundan çagyrdym Seni, eşitdiň Sen nalamy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2-3 Соңра Юнус балыгың гарнындан өз Худайы Реббе йүзленип, шейле дога окады: «Җебир чекенимде, я Реб, чагырдым Сени. Җогап бердиң маңа. Өлүлер диярының гойнундан чагырдым Сени, эшитдиң Сен наламы.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýunus 2:2
26 Iomraidhean Croise  

Manaşa muşakgat içinde öz Hudaýy Rebbe ýalbaryp, ata-babalarynyň Hudaýynyň öňünde özüni gaty kiçeltdi.


Gözlerimi daga aýlaýan maňa ýardam nireden geler?


Olar rehim etmäge ýapýarlar ýüreklerini, ulumsylyk bilen gürleýär olaryň agzy.


Goý, olaryň ýoly garaňky hem sürçek bolsun; Rebbiň perişdesi olary kowsun.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Dawudyň mezmury.


Diňe Hudaýda ynjalýar janym, Hudaýdandyr meniň gutulyşym.


Onuň şöhratly adyna nagmalar aýdyň, Oňa ajaýyp alkyşlar aýdyň.


Sen gelýärkäň ölüler dünýäsi garşylamaga howlugýar; ol seniň üçin ölüleri, ýer ýüzüniň ähli başlyklaryny oýarýar; milletleriň ähli şalaryny tagtlaryndan turuzýar.


Çukuryň düýbünden Seni çagyrdym, ýa Reb.


seni ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde gadymy halkyň ýanyna indererin. Ilatsyz bolar ýaly, seni ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde ýeriň teýinde, gadymdan bäri harabaçylyga öwrülen ýerlerde ornaşdyraryn; sen gaýdyp ilatly bolmarsyň ýa-da dirileriň ýaşaýan ýurduny eýelemersiň.


Şeýlelikde, suwlaryň ýakasynda ýetişen hiç bir agaç boý alyp, belende çykmaz ýa-da başlary buluda ýetmez we bol suw içip ösen hiç bir agaç beýle belentlige ýetmez. Olaryň bary gabra inýän ähli ynsanlar bilen birlikde ölüler dünýäsine ýeriň teýine inderildiler».


Ýunusyň üç gije-gündiz balygyň garnynda galyşy ýaly, Ynsan Ogly-da üç gije-gündiz ýeriň bagrynda galar.


Hawa, dilän alar, agtaran tapar, gapy kakana açylar.


Ol agyr gama batyp, yhlas bilen Hudaýa dileg etdi. Isadan akýan der ýere damýan gan damjalary ýalydy.


Çünki Sen meni ölüler dünýäsinde goýmarsyň, sadygyňyň gabyrda çüýremegine ýol bermersiň.


Mesih bu dünýäde ýaşan wagtynda gözýaş döküp, Özüni ölümden halas etmegi başarýan Hudaýa doga-dilegler hem ýalbaryşlar bilen perýat etdi. Ol Hudaýdan heder edendigi üçin, Onuň haýyşy hasyl boldy.


Gyrnagyňa ýaramaz aýaldyr öýtme. Men ajy gam-gussadan we gaýgy-hasratdan ýaňa dileg edýärin» diýip jogap berdi.


Dawudyň haly teňdi, çünki halk ony daşlamak isleýärdi. Sebäbi ogul-gyzlarynyň ýesir alnanyna adamlaryň jany ýanýardy. Emma Dawut öz Hudaýy Rebden güýç aldy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan