Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýunus 1:9 - Mukaddes Kitap

9 Ýunus bulara: «Deňzi we gury ýeri ýaradan Gögüň Hudaýy Rebbe sygynýaryn. Men ýewreýdirin» diýip jogap berdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Юнус булара: «Деңзи ве гуры ери ярадан Гөгүң Худайы Реббе сыгынярын. Мен еврейдирин» дийип җогап берди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýunus 1:9
29 Iomraidhean Croise  

Hudaý gury ýeri ýer, bir ýere jemlenen suwlary bolsa deňiz diýip atlandyrdy. Hudaý munuň gowudygyny gördi.


Gaçyp gutulanlardan biri gelip, bolan wakany Ybram ýewreýe habar berdi. Şol wagtlar Ybram Eşkol bilen Aneriň dogany amor Mamräniň dub tokaýjygynyň gapdalynda ýaşaýardy. Olar Ybramyň arkadaşlarydy.


Meni atamyň öýünden alyp gaýdyp: „Bu ýeri seniň nesliňe berjek“ diýip, wada eden Gögüň Hudaýy Reb Öz perişdesini seniň öňüňden iberer. Şeýdip, sen ol ýerden oglum üçin bir gyz taparsyň.


Bu dürli milletleriň halklary Samariýada ilki ornaşan wagtlarynda Rebbe ybadat etmediler. Şonuň üçin hem Reb olaryň arasyna ýolbarslar iberdi. Ýolbarslar olaryň birnäçesini öldürdiler.


Şeýdip, Aşur patyşasynyň Samariýadan sürgün edilip getirilen ruhanylaryndan biri Samariýa gelip, Beýtelde ýaşady we Samariýada ýaşaýan milletlere Rebbe nädip ybadat etmelidigini öwretdi.


«Pars patyşasy Kureş şeýle diýýär: „Gögüň Hudaýy Reb ýer ýüzündäki ähli patyşalyklary maňa berdi we Ýahudanyň Iýerusalim şäherinde Özüne ybadathana gurmagy maňa emr etdi.


Olar bize şeýle jogap berdiler: „Biz Ýeriň we Gögüň Hudaýynyň gullary, köp ýyllar mundan öň gurlan öýi täzeden gurup ýörüs. Ony Ysraýylyň beýik patyşasy doly gurup gutardy.


Men bu zatlary eşidenimde, oturyp agladym we birnäçe günläp ýas tutdum. Agyz bekläp, gökdäki Hudaýdan dileg etdim.


Patyşa menden: «Islegiň näme?» diýip sorady. Men Gögüň Hudaýyndan dileg etdim.


Ezra şeýle diýdi «Reb Sen, diňe Sensiň. Gögi, arşy ähli ýyldyzlary bilen, Ýeri we ondaky barça zatlary, deňizleri we olardaky ähli janly-jandarlary ýaradan Sensiň. Hemmesine Sen jan berýäň. Gögüň goşunlary Saňa sežde edýärler.


Şeýtan Rebbe şeýle jogap berdi: «Eýýup Hudaýdan ýöne ýere gorkýandyr öýdýäňmi?


Soňra biriniň adyna Şipra, beýlekisiniň adyna Puga diýilýän iki sany ýewreý göbegenelerine Müsür patyşasy şeýle diýdi:


Ertesi güni ol aýlanmaga çykanda, iki sany ýewreýiň öz aralarynda urşup duranlaryny gördi we olaryň günälisiniň ýanyna baryp: «Näme üçin sen öz ýewreýiňi urýarsyň?» diýip sorady.


Şol patyşalaryň döwründe Gögüň Hudaýy hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar.


«Adamlar! Näme üçin beýle edýärsiňiz? Biz hem size meňzeş ynsandyrys. Size Hoş Habar alyp geldik. Indi bu boş zatlardan el çekiň-de, ýeri, gögi, deňzi we olardaky ähli zady ýaradan diri Hudaýa tarap dolanyň.


Sebäbi Özüne degişli bolup, gulluk edýän Hudaýym düýn gije bir perişdesini ýanyma iberdi.


Men dünýä inenimden sekizlenji günde sünnet edilendirin. Men ysraýyl halkynyň benýamin tiresinden bolup, ýewreýleriň ýewreýidirin. Ýahudylaryň Kanunyny berjaý etmek babatda hem fariseýdirin.


Şol sagat bir güýçli ýertitreme bolup, şäheriň ondan biri ýumruldy. Ýertitremede ýedi müň adam heläk boldy. Aman galanlar gorkup, Gögüň Hudaýyny şöhratlandyrdylar.


Ýa Reb, Senden gorkmajak barmy? Adyňa şöhrat aýtmajak barmy? Çünki mukaddes ýeke-täk Sensiň! Ähli milletler huzuryňa gelerler, olar Saňa sežde ederler. Çünki adalatly hökümleriň aýan boldy».


Olar etmişlerinden dänmediler, toba gelmediler, tersine, ejirleri we ýaralary üçin Gögüň Hudaýyna gargadylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan