Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýunus 1:7 - Mukaddes Kitap

7 Şol wagt gämiçiler biri-birlerine: «Geliň, bije atalyň-da, haýsymyz sebäpli bu bela duçar bolandygymyzy bileliň» diýişdiler. Şeýlelikde, olar gurra taşladylar. Gurra Ýunusa düşdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Шол вагт гәмичилер бири-бирлерине: «Гелиң, биҗе аталың-да, хайсымыз себәпли бу бела дучар боландыгымызы билелиң» дийишдилер. Шейлеликде, олар гурра ташладылар. Гурра Юнуса дүшди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýunus 1:7
18 Iomraidhean Croise  

Kserks patyşanyň şalygynyň on ikinji ýylynyň birinji aýy bolan Nisan aýynda, şu dildüwşügiň amala aşyryljak aýyny we gününi bilmeklik üçin, olar Hamanyň öňünde pur, ýagny bije atdylar. Bije on ikinji aý bolan Adar aýynyň on üçüne düşdi.


Hudaýa diýerin: „Maňa höküm etme, meni nämede günäkärleýäniňi aýt“.


Bije etege atylýar, ýöne höküm Rebdendir.


Eger beýle etmeseňiz, Rebbe garşy günä iş etdigiňiz bolar we hökman gazanan günäňiziň jezasyny çekersiňiz.


Ony haça çüýlänlerinden soň, bije atyşyp egin-eşigini özara paýlaşdylar.


Kengan ýurdunda ýaşaýan ýedi milleti gyryp, ýurtlaryny olara miras berdi.


Şoňa görä-de, bellenilen wagt ýetýänçä, hiç kimiň üstünden höküm çykarmaň. Reb gelýänçä garaşyň. Ol garaňkylykdaky gizlin zatlary ýagtylyga çykarar, adamlaryň ýürek niýetlerini aýan eder. Şonda her kes Hudaýdan öz edenine laýyk öwgüsini alar.


Reb Ýeşuwa şeýle diýdi: «Tur ýeriňden, näme üçin ýüzüňi sallaýarsyň?


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan