Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýunus 1:5 - Mukaddes Kitap

5 Gämiçileri gorky gaplap aldy; olaryň hersi öz hudaýyny çagyrmaga başlady. Olar gämini ýeňletmek üçin, ýüklerini deňze taşladylar. Ýunus bolsa aşakda, gäminiň içki ammarynda süýji uka gidipdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Гәмичилери горкы гаплап алды; оларың херси өз худайыны чагырмага башлады. Олар гәмини еңлетмек үчин, йүклерини деңзе ташладылар. Юнус болса ашакда, гәминиң ички аммарында сүйҗи ука гидипди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýunus 1:5
22 Iomraidhean Croise  

Şeýdip, olar özlerine berlen öküzi alyp taýýarlap, ertirden günortana çenli Bagaldan dileg edip, gygyryşyp: «Eý, Bagal, bize jogap ber!» diýip, özleriniň guran gurbanlyk sypasynyň töwereginde bökjekleşip, tans etmeklerini dowam etdiler, ýöne ses-üýn bolmady, jogap beren-de bolmady.


Şeýtan Rebbe şeýle jogap berdi: «Ten deregine ten! Ynsan öz jany üçin bar zadyndan geçer.


eý, ot we doly, gar we duman, Onuň sözüni berjaý edýän tupan ýelleri,


Agtarmagyň öz wagty bar, ýitirmegiň öz wagty, saklamagyň öz wagty bar, zyňmagyň öz wagty.


Eý, milletlerden gaçyp gutulanlar, toplanyň, bir ýere toplanyň, birek-birege ýakynlaşyň! Agaç butlary göterip gezýänler, halas edip bilmeýän hudaýdan dileg edýänleriň bilýän zady ýokdur.


Hany, özüňize ýasan hudaýlaryňyz nirede? Başyňyzdan bela inende, sizi halas edip bilýän bolsalar, goý, gelsinler. Eý, ýahuda halky, şäherleriň sany näçe bolsa, hudaýlaryňyň sany hem şonçadyr.


Ýüreklerinden maňa perýat etmeýärler. Düşegiň üstünde ýatyp uwlaýarlar. Galla ýa-da täze şerap üçin tenine ýara salýarlar. Menden bolsa ýüz öwürýärler.


Şondan soň olar Rebbi çagyrmaga durdular: «Ýa Reb, bu adamyň jany üçin bizi heläk etme, bularyň hemmesi Seniň islegiň bilen boldy. Şoňa görä, bizi nähak gana galdyrma».


Gämiçiler Rebden gaty gorkdular; Oňa gurbanlyk berdiler we Oňa gulluk etmäge kasam içdiler.


Gäminiň başlygy onuň ýanyna gelip: «Heý! Sen näme ýatyrsyň? Tur, öz hudaýyňy çagyr. Belki, onuň rehimi inip, bizi halas eder» diýdi.


Giýew gijä galanda, hemmesini uky basmarlaýar we olar uklaýarlar.


Yzyna gaýdyp gelende, şägirtleri ýene uklap ýatan ekenler, sebäbi olaryň gözleri bürlüp durdy.


Onsoň şägirtleriň ýanyna gaýdyp gelip: «Siz henizem uklap ýatyrsyňyzmy? Dynjyňyzy alýarsyňyzmy? Ine, pursat golaýlady, Ynsan Ogly günäkärleriň eline berilýär.


Nahardan doýanlaryndan soň, bugdaýy deňze taşlap, gämini ýeňletdiler.


Delila Şimşony öz dyzynyň üstünde uklatdy. Onuň saçynyň ýedi örümini syrdyrmak üçin adam çagyrdy-da, oňa syrmagy buýurdy. Şimşon ejizlenip başlady, onuň güýji gaçdy.


Şawul tutuş Ysraýylyň saýlama adamlaryndan üç müňüsini ýanyna alyp, Dawudy hem onuň adamlaryny idäp, Daggeçi gaýasyna tarap ýola düşdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan