Şeýlelikde, Musa elindäki hasasyny Müsür topragyna urup çykdy. Reb şol gün uzakly gün we uzakly gije gündogar ýelini turuzdy. Ertesi irden bu gündogar ýeli çekirtgeler getirdi.
Reb hem şemaly günbatardan örän güýçli öwüsýän ýele öwrüp, çekirtgeleri syryp-süpürip, Gyzyl deňze getirip taşlady. Tutuş Müsür ýurdunda ýekeje-de çekirtge galmady.
Soňra Musa elindäki hasasyny deňze ýetirdi. Reb bolsa şol bütin gije güýçli gündogar ýeli bilen deňziň suwuny kowdy. Deňiz gury ýere öwrülip, suw ikä bölündi.
Çünki daglara şekil beren, ýeli ýaradyp, Öz pikirlerini ynsanlara aýan eden, daň şapagyny garaňkylyga öwren, dünýäniň belent ýerlerine aýak basan Oldur, Onuň ady Reb Hökmürowan Hudaýdyr!
Reb bir ýel öwüsdirdi. Düşelgäniň çar tarapy ýeliň getiren bedeneleri bilen gurşaldy. Bedeneler bir günlük ýol aralygynda ýerden iki tirsek beýiklikde uçuşyp ýördüler.