Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýunus 1:3 - Mukaddes Kitap

3 Ýöne Ýunus Rebbiň nazaryndan gaçyp, Tarşyşa gitmek üçin ýola düşdi. Ol Ýafo şäherine gelip, Tarşyşa gidýän bir gämi tapdy. Gäminiň ýol kireýini töledi we Rebbiň nazaryndan gaçyp, Tarşyşa gitmek üçin, gämiçiler bilen bile gämä mündi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Йөне Юнус Реббиң назарындан гачып, Таршыша гитмек үчин ёла дүшди. Ол Яфо шәхерине гелип, Таршыша гидйән бир гәми тапды. Гәминиң ёл кирейини төледи ве Реббиң назарындан гачып, Таршыша гитмек үчин, гәмичилер билен биле гәмә мүнди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýunus 1:3
35 Iomraidhean Croise  

Salkyn aralaşanda, adam aýaly bilen bagda gezmeläp ýören Hudaýymyz Rebbiň sesini eşidip, bagdaky agaçlaryň arasynda Onuň huzuryndan gizlendiler.


Soňra Kabyl Rebbiň huzuryndan gidip, Eremiň gündogaryndaky Not ýurdunda mesgen tutdy.


Ylýas bu habary eşidip gorkdy. Ol öz janyny gutarmak üçin gaçyp, Ýahudanyň Beýerşeba galasyna geldi. Ol hyzmatkärini şol ýerde galdyrdy.


Ylýas pygamber ol ýerde bir gowaga girip, gijäni şol ýerde geçirdi. Onsoň Ylýasa Rebbiň şu sözi aýan boldy: «Ylýas, sen bu ýerde näme işläp ýörsüň?»


Indi, goý, jenabym wada beren bugdaýyny, arpasyny, zeýtun ýagyny we şerabyny öz gullaryna ibersin.


Biz saňa Liwandan näçe agaç gerek bolsa kesip, olary bogup, Ýafo deňziniň üsti bilen akdyryp getireris; sen-de ony Iýerusalime äkidersiň».


Çünki Süleýmanyň Huramyň adamlary bilen birlikde Tarşyşa gatnaýan gämileri bardy. Deňiz gämileri üç ýylda bir gezek gelip, altyn, kümüş, pil süňküni, maýmynlary we tawuslary getirerdiler.


Şonuň üçinem olar daş ýonujylara, neçjarlara pul, sidonlylara we surlulara Liwandan deňiz üsti bilen Ýafo çenli kedr agaçlaryny getirmekleri üçin iýmit, içgi we zeýtun ýagyny berdiler. Olara bu zatlary etmäge Pars patyşasy Kureşden rugsat bardy.


Reb şeýtana: «Bolýar, goý, Eýýubyň ähli zady seniňki bolsun, ýöne onuň özüne degme» diýdi. Şeýdip, şeýtan Rebbiň huzuryndan çykyp gitdi.


Şeýdip, şeýtan Rebbiň huzuryndan çykyp gitdi-de, Eýýubyň süýr depesinden dabanyna çenli agyryly çybanlar çykardy.


Tarşyş gämileriniň baryny, owadan gaýyklaryň hemmesini ýok eder.


Sur hakyndaky pygamberlik: Eý, Tarşyş gämileri, Sur weýran boldy, perýat ediň! öýsüz-öwzarsyz galdy ol. Kiprden size habar geldi.


Eý, Tarşyş gyzy, ýurduňdan Nil kimin geç; indi bökdenç bolmaz.


Tarşyşa geçiň, eý, adalylar, perýat ediň!


Adalar Maňa umyt baglaýarlar elbetde; Hudaýyň Rebbiň, Ysraýylyň Mukaddesiniň adynyň hatyrasyna Tarşyş gämileri öňürti gelýärler, ogullaryň kümüşdir altynyny özleri bilen getirýärler. Reb seni şöhratlandyrdy.


Tarşyşdan – ýenjilen kümüş, Upazdan altyn getirilýär. Ussanyň hem zergäriň hünäridir butlar, gök hem gyrmyzy eşik geýdirerler olara, barysy hem ökde hünärmentleriň işidir.


Ýöne sen, eý, ynsan ogly, özüňe aýdýanlarymy diňle. Bu pitneçi halk ýaly dikdüşdi bolma, agzyňy aç-da, saňa berjek zadymy iý».


Baýlygyňyň köpdügi üçin Tarşyş seniň bilen söwda etdi; harytlaryňyň deregine kümüş, demir, galaýy we gurşun bererdi.


Ruh meni ýokary göterip, bu ýerden alyp gitdi. Rebbiň eli meniň üstümde berk durdy we janym gahardan dolup, men gaýgy-hasratda gitdim.


Soňra gämiçiler juda gorkdular we Ýunusa: «Näme üçin beýtdiň?» diýdiler. (Sebäbi Ýunus olara özüniň Rebbiň nazaryndan gaçyp barýandygyny aýdypdy.)


Ol Rebbe şeýle doga okady: «Ýa Reb, şeýle boljagyny men öz ýurdumdakam aýtmanmydym näme? Men şol sebäpden hem dessine Tarşyşa gaçdym-a. Seniň merhemetli, rehimli, giň göwünli, sadyk söýgä baý Hudaýdygyňy we jeza bermekden el çekmäge taýyndygyňy bilýärdim ahyryn.


Isa oňa: «Eline azaly alansoň yzyna seredýän adam Hudaýyň Şalygyna mynasyp däldir» diýdi.


Emma Pawlus özlerini Pamfiliýada terk edip, Hudaýyň hyzmatyny ahyryna çenli bile dowam etmedik Marky äkitmegi makul bilmedi.


Şonuň üçin hem, eý, Agrip şa, men gökden gelen görnüşe boýnuýogynlyk etmedim.


Ýafoda Tawita atly bir zenan şägirt bardy. Onuň grekçe ady Dorkasdy. Munuň eden ýagşy işleri, beren sadakalary gaty köpdi.


Lida şäheri Ýafo şäherine golaýdy. Şägirtler Petrusyň Lidadadygyny eşidip, onuň ýanyna iki adamy ýolladylar we: «Gijikdirmän, biziň ýanymyza gel» diýip haýyş etdiler.


Bu habar bütin Ýafo ýaýrap, köp adam Reb Isa iman etdi.


Petrus ençeme günläp Ýafoda, Simun atly bir deri eýleýjiniňkide galdy.


Men Hoş Habary wagyz edýänim bilen magtanmaga haklydyryn öýdemok: muny etmek borjumdyr. Eger men Hoş Habary wagyz etmesem, waý, meniň halyma!


Olar Rebbiň huzuryndan we Onuň gudratynyň şöhratyndan mahrum edilip, baky heläkçilik jezasyny çekerler.


Meýýarkon we Ýafonyň garşysyndaky ýerler bilen Rakon.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan