Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýunus 1:2 - Mukaddes Kitap

2 «Hany bol, Ninewä – ol beýik şähere git-de, onuň halkynyň günäkärdigini jar et, çünki olaryň betpälligi Maňa aýan boldy».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 «Ханы бол, Ниневә – ол бейик шәхере гит-де, онуң халкының гүнәкәрдигини җар эт, чүнки оларың бетпәллиги Маңа аян болды».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýunus 1:2
24 Iomraidhean Croise  

Nimrot ol ýurtdan Aşura çykyp, Ninewäni, Rehobotiri, Kalany hem-de Ninewe bilen beýik gala bolan Kalanyň aralygyndaky Reseni bina etdi.


Aşur patyşasy Sanherip düşelgäni taşlap, öz ýurduna gaýtdy. Ol Ninewä gelip, şol ýerde galdy.


Emma Rebbiň bir pygamberi bardy, onuň ady Odetdi. Odet Samariýa gelen goşunyň ýanyna gelip, olara şeýle diýdi: «Ata-babalaryňyzyň Hudaýy Reb Ýahuda gazaplanany üçin olary siziň eliňize berdi. Emma siz göge ýeten gazap bilen olary öldürdiňiz.


«Eý, Hudaýym, Saňa ýüzlenmäge utanýaryn! Çünki günämiz başymyzdan agdy, ýazygymyz beýgelip göge ýetdi.


Aşur patyşasy Sanherip düşelgäni taşlap, öýüne gitdi. Ol Ninewä gelip, şol ýerde galdy.


Gaty gygyr, çekinme! Sesiňi surnaý kimin gatalt! Halkyma ýazyklaryny, Ýakubyň nesline günälerini yglan et.


Men: «Indi Ol hakda dil ýarmaryn, Onuň adyndan geplemerin» diýsem, Onuň sözi süýeklerime ornaşyp, ýüregime ot berdi. Ony içimde saklamakdan irdim, mundan artyk çydap bilmeýärin.


Olar seni isle diňlesinler, isle diňlemesinler, olara sözlerimi aýt, çünki olar pitneçi halkdyr.


Olaryň ähli pislikleri Meniň ýadymda. Olar muňa üns bermeýärler. Indi olary eden işleri gurşaýar. Eden işleri gözümiň öňündedir.


Şunlukda, Ýunus Rebbiň sözüne boýun boldy we Ninewä tarap ýola düşdi. Ninewe juda uly şäherdi. Onuň ol başyndan bu başyna çenli üç günlük ýoldy.


Men bolsa Ýakuba ýazygyny, Ysraýyla günäsini jar etmäge, Rebbiň Ruhy bilen güýçden, adalatdan, gudratdan doludyryn.


Ninewe şäheri hakyndaky pygamberlik; elkoşly Nahum özüne gelen aýanlygy ýazyp aldy.


Derdiňe derman bolmaz, ýaralaryň gutulmaz, seniň başyňa gelenini eşiden her kes begenjinden el çarpar. Çünki seniň dynuwsyz zulumyňdan heý, gaçyp gutulan boldumy?


Men sebäpli sizi hökümdarlaryň, patyşalaryň huzuryna elterler, siz bolsa olaryň we keseki milletleriň öňünde şaýatlyk edersiňiz.


Ninewe halky kyýamat güni bu nesle garşy çykyp, ony höküm eder, sebäbi olar Ýunusyň wagzy bilen toba geldiler. Ine, bu ýerde Ýunusdan hem üstün Biri bar.


Ekinleriňizi oran orakçylary aldap, iş hakyny bermediňiz, bu şol pullaryň perýadydyr. Orakçylaryň dady-perýady Hökmürowan Rebbiň gulagyna ýetdi.


Çünki onuň günäleri beýgelip göge ýetdi, Hudaý onuň jenaýatlaryny ýatlady.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan