Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýunus 1:14 - Mukaddes Kitap

14 Şondan soň olar Rebbi çagyrmaga durdular: «Ýa Reb, bu adamyň jany üçin bizi heläk etme, bularyň hemmesi Seniň islegiň bilen boldy. Şoňa görä, bizi nähak gana galdyrma».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

14 Шондан соң олар Ребби чагырмага дурдулар: «Я Реб, бу адамың җаны үчин бизи хеләк этме, буларың хеммеси Сениң ислегиң билен болды. Шоңа гөрә, бизи нәхак гана галдырма».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýunus 1:14
15 Iomraidhean Croise  

Kimde-kim bir ynsanyň ganyny dökse, onuň gany hem ynsan tarapyndan dökülsin. Çünki Hudaý ynsany Öz keşbinde ýaradandyr.


Rebbiň maňa eden ýagşylyklarynyň öwezini nädip dolaýyn?


Ýeri suwlaryň üstüne ýazan hem Oldur, Onuň söýgüsi baky.


Ýa Reb, hasrat içinde seni agtardylar, Senden temmi alanlarynda, pyşyrdap zordan dileg etdiler.


Olar ýetişibildiklerine kürekläp, kenara çykmaga dyrjaşýardylar, ýöne bu olara başartmaýardy, çünki deňiz gitdigisaýy güýçli çyrpynyp, olara garşylyk görkezýärdi.


Gämiçiler Rebden gaty gorkdular; Oňa gurbanlyk berdiler we Oňa gulluk etmäge kasam içdiler.


Gämiçileri gorky gaplap aldy; olaryň hersi öz hudaýyny çagyrmaga başlady. Olar gämini ýeňletmek üçin, ýüklerini deňze taşladylar. Ýunus bolsa aşakda, gäminiň içki ammarynda süýji uka gidipdi.


Ynsanu-haýwan jul geýinsin, bar güýji bilen Hudaýa perýat etsin, öz ýaman ýolundan dönüp, bet işlerinden el çeksin.


Hawa, Atam, bu Seniň islegiňdi.


Ýerli halk onuň elinden ýylanyň sallanyp durşuny görende, biri-birine: «Bu adam ganhor bolsa gerek, ol deňizden halas bolsa-da, takdyry ony ýaşamaga goýmady» diýişdiler.


Hemme zady Öz islegine laýyklykda ýerine ýetirýän Hudaý Öz niýetine görä bizi öňden belläp, Mesih arkaly saýlap-seçdi. Ol muny biziň, ýagny Isa Mesihe ilkinji bolup iman edenleriň Hudaýyň şan-şöhratyny arşa götermegimiz üçin amal etdi.


Hudaý ilkibaşdan Mesihde amala aşyran ýagşy niýetleri arkaly Öz isleginiň syryny bize aýan etdi


Ýa Reb, Öz azat eden halkyňy – ysraýyllary bagyşla. Nähak dökülen ganyň günäsini Öz halkyň Ysraýylyň arasynda galdyrma“. Şonda olar şol ganyň günäsinden boşarlar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan