Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýunus 1:13 - Mukaddes Kitap

13 Olar ýetişibildiklerine kürekläp, kenara çykmaga dyrjaşýardylar, ýöne bu olara başartmaýardy, çünki deňiz gitdigisaýy güýçli çyrpynyp, olara garşylyk görkezýärdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

13 Олар етишибилдиклерине күрекләп, кенара чыкмага дырҗашярдылар, йөне бу олара башартмаярды, чүнки деңиз гитдигисайы гүйчли чырпынып, олара гаршылык гөркезйәрди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýunus 1:13
4 Iomraidhean Croise  

Ýöne Hudaý ümsüm bolsa, kim Ony ýazgaryp biler? Ol ýüzüni gizlese, kim Ony görüp biler? Millet bolsun, adam bolsun, parhy ýok,


Rebbe garşy durup biljek hiç bir danalyk, düşünje ýa-da maslahat ýokdur.


Ýunus olara: «Bu gaý-tupana duçar bolmagyňyza özümiň sebäpkärdigimi men bilýärin. Meni göteriň-de, suwa taşlaň, şonda deňiz köşeşer» diýdi.


Şondan soň olar Rebbi çagyrmaga durdular: «Ýa Reb, bu adamyň jany üçin bizi heläk etme, bularyň hemmesi Seniň islegiň bilen boldy. Şoňa görä, bizi nähak gana galdyrma».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan