Ýarobgam Ysraýyl Hudaýy Rebbiň Öz guly gatheperli Emitaýyň ogly Ýunus pygamber arkaly aýdyşy ýaly, Ysraýyl çägini Lebohamatdan Araba deňzine çenli bolan aralykda täzeden dikeltdi.
Ninewe halky kyýamat güni bu nesle garşy çykyp, ony höküm eder, sebäbi olar Ýunusyň wagzy bilen toba geldiler. Ine, bu ýerde Ýunusdan hem üstün Biri bar.