Munuň deregine ysraýyl halkyny demirgazyk ýurtdan, dargadylan beýleki ýurtlardan çykaran Rebden ant içýärin diýjek günleri geler. Çünki Men olary ata-babalaryna beren topragyma gaýtaryp getirerin“.
Şonda siz Meni taparsyňyz, muny Men – Reb aýdýandyryn. Men size öňki abadançylygyňyzy gaýtaryp bererin, sizi kowan ýerlerimiň baryndan, ähli milletleriň arasyndan yzyňyza ýygnaryn. Muny Reb aýdýandyr. Men sizi nireden sürgün eden bolsam, şol ýere hem gaýtaryp getirerin.
Reb şeýle diýýär: «Ýakubyň çadyrlarynyň abadançylygyny dikelderin, onuň ýaşaýan mesgenlerine rehim ederin. Şäher öz depelerinde bina ediler, berk gala öz ýerinde oturdylar.
Çünki halkym Ysraýyl bilen Ýahudanyň öňki abadançylygyny dikeltjek günlerim ýetip gelýär. Muny Reb aýdýandyr. Men olary ata-babalaryna beren ýurduma gaýtaryp getirerin, olar hem ol ýeri eýelärler. Muny Reb aýdýandyr“».
Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Indi Men Ýakubyň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin, bütin ysraýyl halkyna rehim ederin we mukaddes adym sebäpli gabanjaň bolaryn.
«Şol wagt seniň halkyňy goraýan baş serdar Mikaýyl öňe çykar. Şonda milletler döräli bäri görlüp-eşidilmedik jebir-jepaly döwür geler. Emma şol wagt seniň halkyňdan ady kitapda ýazylanlaryň ählisi halas bolar.
Emma Musa oňa: «Sen meniň üçin gabanjaňlyk edýärmiň? Käşgä Rebbiň bütin halky pygamber bolsady we Reb Öz Ruhuny olaryň baryna bersedi!» diýip jogap berdi.
Reb olara şeýle diýdi: «Meniň sözlerime gulak salyň: „Eger araňyzda pygamberler bar bolsa, Men-Reb görnüşlerde Özümi aýan edip, Olar bilen düýşde gepleşýärin.
diňe şonda Hudaýyňyz Reb size öňki abadançylygyňyzy gaýtaryp berer we rehim-şepagat eder. Hudaýyňyz Reb sizi dargadyp goýberen başga halklarynyň içinden ýene-de yzyňyza ýygnar.