Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýowel 1:7 - Mukaddes Kitap

7 Ol weýran etdi üzüm şahalarymy, çapym-çapym etdi injir agaçlarymy, şahalarynyň gabygyny sypyryp, ýere taşlady; üzüm şahalary-da agaryp galdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Ол вейран этди үзүм шахаларымы, чапым-чапым этди инҗир агачларымы, шахаларының габыгыны сыпырып, ере ташлады; үзүм шахалары-да агарып галды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýowel 1:7
12 Iomraidhean Croise  

Çünki olar onuň ruhuny gaýgylandyrdy, onuň dili oýlanyşyksyz sözleri aýtdy.


Çekirtgeler tutuş Müsür topragyna inip, tutuş ýurdy boýdan-başa eýelediler. Şeýle san-sajaksyz çekirtge sürüsi öň hiç haçan bolan däldir, indi hem bolmaz.


Çekirtgeler tutuş ýurduň ýüzüni örtendigi sebäpli, ýeriň üsti garalypdy. Olar ýurtdaky doly ýagandan soňky galan ähli bag-bakjalary we ähli agaçlaryň miwelerini iýdiler. Tutuş Müsür topragynda ne agaç, ne-de bag-bakja galdy, ýekeje-de ýaşyl zat galmady.


Täze şerap gutarýar, solýar üzüm agajy, ah çekýär şadyýanlar.


Ajaýyp ekin meýdanlary üçin, hasylly üzüm bagy üçin, döşüňize urup aglaşyň!


Ony haraba öwrerin, ony pudamazlar, ýeri bejermezler, onda çalydyr tikenekler biter; bulutlara-da onuň üstüne ýagyş ýagdyrmazlygy buýraryn.


Olaň hasylyny wes-weýran ederin, üzüm şahalary-da, injir agajy-da miwe bermez, hatda ýapraklary-da gurar. Olara näme beren bolsam, ellerinden alnar». Muny Reb aýdýandyr.


Onuň: „Oýnaşlarymyň maňa beren haky“ diýen üzümligini, injir baglaryny weýran ederin. Men olary jeňňele öwrerin, haýwanlara iýmit bolarlar.


gurap galdy üzüm agajy, solup galdy injir agajy. Nar, alma, hurma – meýdandaky baglaryň gurady bary. Gutardy şol sebäpden ynsan şatlygy.


Men sizi epgekdir heň bilen büräp örtdüm, baglaryňyzy we üzümlikleriňizi weýran etdim, injirdir zeýtun agaçlaryňyzy çekirtgeler ýuwutdy, emma şonda-da siz Maňa tarap dolanmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr.


Injir agajy güllemese-de, üzüm agaçlary miwe getirmese-de, zeýtun agaçlary hasyl bermese-de, ekin meýdanlary hasyl öndürmese-de, dowar agyllary boş galyp, ýataklar mal-garasyz bolsa-da,


Men siziň üçin topragyňyzdaky hasyly weýran etmegi çekirtgelere gadagan ederin. Meýdandaky üzüm agaçlaryňyz hasylsyz galmaz, Hökmürowan Reb diýýär.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan