Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýakup 5:4 - Mukaddes Kitap

4 Ekinleriňizi oran orakçylary aldap, iş hakyny bermediňiz, bu şol pullaryň perýadydyr. Orakçylaryň dady-perýady Hökmürowan Rebbiň gulagyna ýetdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Экинлериңизи оран оракчылары алдап, иш хакыны бермедиңиз, бу шол пулларың перядыдыр. Оракчыларың дады-перяды Хөкмүрован Реббиң гулагына етди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýakup 5:4
23 Iomraidhean Croise  

Reb Kabyla şeýle diýdi: «Sen nämeler etdiň?! Doganyňyň gany toprakdan Maňa perýat edýär.


Garyplaryň nalasy Hudaýa baryp ýetdi, Ol ezilenleriň nalasyny eşitdi.


Kölegäni küýseýän gul, muzduna garaşýan günlükçiler kimin,


Sionda mesgen tutan Rebbe nagmalar aýdyň, halklaryň arasynda eden işlerini jar ediň.


Çünki bu onuň ýeke-täk ýapynjasydyr. Onsuz ol näme ýapynyp ýatsyn? Eger ol Maňa nalyş etse, eşiderin, çünki Men rehimlidirin.


Ine, indi Maňa ysraýyllaryň ahy-nalasy gelip ýetdi, Men müsürlileriň olary zalymlyk bilen ezýändiklerini gördüm.


Eger Hökmürowan Reb birnäçämizi aman galdyrmadyk bolsady, Sodom ýaly bolardyk, Gomora meňzärdik.


Hökmürowan Rebbiň üzümçiligi Ysraýylyň nesilleridir, hoş görýän bagy-da, ýahuda halkydyr. Ol adalata garaşdy, ýöne zulum gördi; dogrulyga garaşdy, ýöne dady-perýat eşitdi.


Hökmürowan Rebbiň şeýle diýenini eşitdim: «Beýik hem gözel jaýlar haraba öwrüler, içinde hiç kim galmaz.


Öýüni nädogrulyk bilen gurýanyň, eýwanyny adalatsyzlyk bilen giňeldýäniň, başga birini mugt işledip, onuň hakyny bermeýäniň dat gününe!


Ýoldaşyňyň hakyny iýme, ony talama. Günlükçiniň zähmet hakyny bir günem saklama.


Hatda diwar daşlary bu barada gygyrarlar, agaç pürsi jogap berer.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Soňra Men höküm çykarmak üçin ýanyňyza gelip, jadygöýlere, zynagärlere, ýalan ýere ant içýänlere garşy we talabanyň, dul aýalyň, ýetimiň hakyny iýýänlere garşy, gelmişegi hukugyndan mahrum edýänlere, Menden gorkmaýanlara garşy derrew şaýat bolaryn.


Şonda Isa şägirtlerine: «Hasyl bol, ýöne işgär az.


Eýsem, Hudaý Öz saýlanlarynyň, gije-gündiz Özüne ýüz tutup perýat edýänleriň hakyny alyp bermezmi? Olary köp garaşdyrarmy?


Işaýa hem öňden şulary aýdypdy: «Eger Hökmürowan Reb zürýatlarymyzy aman galdyrmadyk bolsady, Sodom ýaly bolardyk, Gomora meňzärdik».


Seresap boluň, kalbyňyzda erbet pikir bolmasyn. Siz: „Ýedinji ýyl – karz geçiş ýyly golaý“ diýip, açgözlük edip, mätäç ysraýyl doganyňyza hiç zat bermän goýmaň. Ýogsam, doganyňyz siziň garşyňyza Rebbe dady-perýat eder we siz ýazykly bolarsyňyz.


Eý, hojaýynlar, gullaryňyz babatda adyllygy, deňligi berjaý ediň, sebäbi özüňiziň hem gökde Hojaýynyňyzyň bardygyny bilýänsiňiz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan