Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýakup 5:3 - Mukaddes Kitap

3 Altyndyr kümşüňiz poslandyr, olaryň posy siziň garşyňyza şaýatlyk edip, bedeniňizi ot kimin iýer. Siz ahyrky günlerde baýlyk topladyňyz.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Алтындыр күмшүңиз посландыр, оларың посы сизиң гаршыңыза шаятлык эдип, бедениңизи от кимин иер. Сиз ахыркы гүнлерде байлык топладыңыз.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýakup 5:3
19 Iomraidhean Croise  

Labanyň: «Şu daş depesi bize şaýat bolsun» diýendigine görä, ol ýere Galet diýen at galdy.


Biri-birimiziň tarapymyza ýaman niýet bilen geçmeli däldigimize, goý, ine, şu üýşmek bilen şu dikme daş şaýatlyk etsin.


Ýakup öz ogullaryny çagyryp, olara: «Ýanyma ýygnanyşyň, men geljek günlerde size nämeleriň garaşýandygyny aýdyp bereýin» diýdi.


Gurpsuzlygym muňa şaýatlyk edýär, mejalsyzlygym garşyma güwälik edýär.


Ahyrky günlerde şeýle bolýar: Rebbiň öýi daglaryň iň beýigi deý berkarar ediler, depelerden belent bolar ol, ähli milletler oňa tarap eňerler.


Ogullarynyň we gyzlarynyň etini özlerine iýdirerin. Janlarynyň kastyna çykan duşmanlary olary gabawa salanda, çekýän hasratlaryndan ýaňa biri-biriniň etini iýerler“.


Halkymyň hamyny soýup, etini iýýärsiňiz, süýeklerini döwüm-döwüm edip, gazana, taba atyljak et kimin dograýarsyňyz».


Ahyrky günlerde şeýle bolar: Rebbiň öýi daglaryň iň beýigi deý berkarar ediler, depelerden belent bolar ol, halklar oňa tarap eňerler.


„Hudaý şeýle diýýär: Ahyrky günlerde şeýle bolar, Men ähli ynsanlaryň üstüne Öz Ruhumy dökerin. Pygamberlik eder oguldyr gyzlaryňyz, aýanlyk alarlar ýigitleriňiz, düýşler görer garrylaryňyz.


Ýöne sen boýnuýogynlyk edip, günäleriňe toba etmän, başyňdan injek gazaby toplaýarsyň. Bu jeza Hudaýyň adyl höküminiň aýan boljak gününde berler.


Olaryň öwredýän taglymaty bolsa ýokanç kesel kimin ýaýrar. Himeneý bilen Filit hem şolardan bolup,


Ol ähli halka ýüzlenip: «Görýäňizmi, şu daş biziň üçin subutnama bolar. Bu daş Rebbiň bize aýdan ähli sözlerini eşitdi. Eger siz Rebbe dönüklik edäýseňiz, bu daş size garşy subutnama bolar!» diýdi.


Ähli zatdan öňürti şuny biliň: ahyrky günlerde öz betnebislerine çapýan bihaýa ýaňsylaýjylar peýda bolar.


Seniň gören on şahyň we jandar bu aýaly ýigrenerler. Olar ony tozduryp, ýalaňaçlarlar; onuň etini iýip, ony otlarlar.


Atlary ýaşaýyş kitabyna ýazylmadyklaryň ählisi ýanyp duran köle zyňyldy.


Emma gorkagyň, imansyzyň, kezzabyň, ganhoryň, zynahoryň, jadygöýüň, butparazyň we hemme ýalançylaryň – ählisiniň paýyna ýanýan kükürtli ot köli düşer. Ikinji ölüm, ine, budur».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan