Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýakup 4:9 - Mukaddes Kitap

9 Gama batyň, ýas tutup aglaň! Gülküňiz ýasa, şatlygyňyz gam-gussa öwrülsin.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Гама батың, яс тутуп аглаң! Гүлкүңиз яса, шатлыгыңыз гам-гусса өврүлсин.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýakup 4:9
25 Iomraidhean Croise  

Kanunyň sözlerini eşidende, halk aglady. Onsoň häkim Nehemýa, ruhany hem mürze Ezra we kanuny düşündirýän lewiler halka ýüzlenip, şeýle diýdiler: «Bu gün Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes gündür. Şonuň üçin ýas tutup aglaşmaň!


Liramyň owazy ýasa, tüýdügimiň owazy agy sesine dönýär».


Käte gülki içinde-de ýüregiň gamgyn, şatlygyň soňunda-da gam bardyr.


Gülki barada: «Akmaklyk», lezzet barada: «Näme peýda getirýär?» diýdim.


Şonda ýaş gyzlar tans edip bökjekleşerler, gojalardyr ýaş ýigitler birlikde şatlanarlar. Çünki Men olaryň ýasyny şatlyga öwrerin, gaýgylaryna teselli berip, olary şatlandyraryn.


Olar aglaý-aglaý gelerler, yzlaryna getirenimde doga okarlar. Olary akar suwlaryň boýy bilen, taýmazlar ýaly tekiz ýoldan ýörederin. Çünki Men Ysraýylyň Atasydyryn, Efraýym-da Meniň nowbaharymdyr.


Ýüreklerimiziň şatlygy kesildi, tanslarymyz indi ýasa öwrüldi.


Aman galanlaryň ählisi gaçyp, öz etmişleri zerarly dere gögerçinleri kimin daglarda ahy-nala çekerler.


Olar Isa: «Bu pis adamlary aýylganç ölüme sezewar eder we üzümçiligini bolsa miwesini wagtynda özüne berjek başga kärendeçilere berer» diýdiler.


Gussa çekýänler bagtlydyr, çünki olara göwünlik berler.


Emma Ybraýym oňa: „Eý, ogul! Sen öz ýaşaýşyňda ýagşy zatlary alanyňy, Lazaryň bolsa ejir çekenini ýadyňa sal. Indi bolsa ol bu ýerde rahatlyk görýär, emma sen ejir çekýärsiň.


Eý, şu wagt açlyk çekýänler, siz bagtlysyňyz, çünki doýarsyňyz. Şindi aglaýanlar, siz bagtlysyňyz, çünki şatlykdan gülersiňiz.


Waý halyňyza, eý, şu wagt doklar! Çünki siz açlyk çekersiňiz. Waý halyňyza, eý, şu wagt gülýänler! Çünki siz ýas tutup aglarsyňyz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan