Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýakup 4:3 - Mukaddes Kitap

3 Diläniňizde-de, hiç zat almaýarsyňyz, sebäbi ýaman niýet bilen, öz nebsiňizi doýurmak üçin dileýärsiňiz.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Диләниңизде-де, хич зат алмаярсыңыз, себәби яман ниет билен, өз небсиңизи доюрмак үчин дилейәрсиңиз.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýakup 4:3
25 Iomraidhean Croise  

Hudaý oňa şeýle diýdi: «Özüňe uzak ömür, baýlyk dilemän ýa-da duşmanlaryňyň ölümini dilemän, eýsem ýagşy-ýamany saýgarar ýaly akyl-paýhas diläniň üçin, Men saňa dilän zadyňy berýärin. Men saňa öňküleriň hiç birinde bolmadyk we senden soň hem hiç kimde bolup bilmejek akyl-paýhas, aň-düşünje bererin.


Ýamanlyk edýänleriň tekepbirligi zerarly, olar nalyş edende, Hudaý jogap bermeýär.


meni çagyrarsyňyz, ýöne men jogap bermerin. Meni ir ertirden agtararsyňyz, emma tapmarsyňyz.


Erbetleriň gurbanlygy Rebbe ýigrenjidir, dogruçyllaryň dogasy-da Onuň guwanjydyr.


Garybyň dady-perýadyna gulak asmadygyň öz dady-perýadyna-da jogap berilmez.


Erbetleriň gurbanlygy ýigrenjidir, eger ol ýaman niýet bilen getiren bolsa, ondanam beterdir.


Şonuň üçin hem Reb şeýle diýýär: „Men olaryň başyndan bela indererin, olar gaçyp, gutulyp bilmezler. Olar Maňa dady-perýat ederler, emma Men olary diňlemerin.


Eý, Ýermeýa, sen-de bu halk üçin dileg etme, olar üçin dady-perýat etme, ýalbarma, çünki betbagtçylyga uçrap, Meni çagyranlarynda, olary diňlemerin.


Olar agyz bekleseler-de, olaryň perýadyna gulak asmaryn. Olar ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny hödürleseler-de, Men olary kabul etmerin. Tersine, gylyç, açlyk we mergi bilen olary ýok ederin».


Soňra olar Rebbe dady-perýat ederler. Emma Reb olara jogap bermez. Ol ýüzüni olardan gizlär, çünki olar pis işleri etdiler.


Şeýlelikde, Men çagyranymda, olar gulak asmadylar, olar çagyranda Men hem olara jogap bermedim. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Emma Isa: «Siz näme dileýäniňizi bilmeýärsiňiz. Siz Meniň içjek hasrat käsämden içip bilersiňizmi?» diýdi. Olar Isa: «Hawa, içip bileris!» diýip jogap berdiler.


Emma Isa olara: «Siz näme dileýäniňizi bilmeýärsiňiz. Meniň içjek hasrat käsämden siz içip bilersiňizmi? Meniň hasratyma çümdürilip bilersiňizmi?» diýdi.


Hawa, dilän alar, agtaran tapar, gapy kakana açylar.


Birnäçe günden soň kiçi ogly bar-ýoguny toplap, bir uzak ýurda gidýär. Ol ýerde şady-horramlykda ýaşap, mal-mülküni ýele sowurýar.


Emma ähli baýlygyňy loly heleýlere sowran bu ogluň gelende, sen onuň üçin baga bakylan göläniň damagyny çaldyň“.


Araňyzdaky çaknyşykly gowgalar we dawa-jenjeller nireden döreýär? Kalbyňyzda söweş edýän pis höwesleriňizden dälmi?


Ondan näme dilesek alarys, sebäbi biz Onuň buýruklaryny berjaý edip, Ony hoşnut edýän işleri edýändiris.


Biz Hudaýa bil baglaýarys, sebäbi Onuň yradasyna görä näme dilesek, dilegimizi eşidýändigini bilýäris.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan