Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýakup 4:2 - Mukaddes Kitap

2 Siz isleýärsiňiz, emma hiç zat gazanmaýarsyňyz; adam öldürýärsiňiz, göriplik edýärsiňiz, emma hiç bir maksadyňyza ýetip bilmeýärsiňiz; dawa-jenjeldir galmagal turuzýarsyňyz, emma hiç zat gazanmaýarsyňyz, sebäbi Hudaýdan dilemeýärsiňiz.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Сиз ислейәрсиңиз, эмма хич зат газанмаярсыңыз; адам өлдүрйәрсиңиз, гөриплик эдйәрсиңиз, эмма хич бир максадыңыза етип билмейәрсиңиз; дава-җенҗелдир галмагал турузярсыңыз, эмма хич зат газанмаярсыңыз, себәби Худайдан дилемейәрсиңиз.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýakup 4:2
14 Iomraidhean Croise  

Ahap aýalyna şeýle jogap berdi: «Men ýizregelli Naboda: „Üzümçiligiňi maňa kümşe sat ýa-da isleseň, onuň deregine saňa başga bir üzümçilik bereýin“ diýdim. Ol maňa: „Üzümçiligimi saňa satjak däl“ diýdi».


Olaryň takdyry şeýle bolar, zuluma gyzygyp toplan baýlygy öz janyny alar.


Ine, bir ýalňyz adam bardy; onuň ne ogly bardy, ne-de dogany. Çekýän zähmetiniň soňy ýokdy, ýöne şonda-da gözi baýlykdan doýmaýardy. Ol: «Men kim üçin zähmet çekýärin? Kim üçin özümi lezzet almakdan mahrum edýärin?» diýip sorady. Bu-da biderek, ýowuz ýumuş.


Emma Ahaz: «Sorajak däl, Rebbi synajak däl» diýdi.


Baýlyk aldawçydyr. Baýlar tekepbirdirler, olarda ynjalyk bolmaz, ölüler dünýäsi ýaly açgözdirler, doýmazlar asla ölüm ýaly. Ähli milletleri ýanlaryna toplap, ähli halklary basyp alýarlar olar.


Şu wagta çenli siz Meniň adymdan hiç zat dilemediňiz. Diläň, alarsyňyz, şatlygyňyz dolup-daşar.


Isa oňa: «Sen Hudaýyň peşgeşini we özüňden suw diläniň kimdigini bilsediň, özüň Ondan suw dilärdiň, Ol-da saňa ýaşaýyş suwuny bererdi» diýdi.


Eger kimde danalyk kemlik edýän bolsa, goý, ol Hudaýdan dilesin. Hemmelere biminnet we jomartlyk bilen berýän Hudaý oňa hem berer.


Özüňize garşy çykmasa-da, bigünä adamy höküm edip öldürdiňiz.


Doganyny ýigrenýän adam ganhordyr. Hiç bir ganhoryň bolsa baky ýaşaýşa gowuşmaýandygyny bilýänsiňiz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan