Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýakup 3:9 - Mukaddes Kitap

9 Dilimiz bilen biz Rebbimizi we Atamyzy alkyşlaýarys, şol bir wagtyň özünde hem Hudaýyň keşbinde ýaradylan ynsanlary näletleýäris.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Дилимиз билен биз Реббимизи ве Атамызы алкышлаярыс, шол бир вагтың өзүнде хем Худайың кешбинде ярадылан ынсанлары нәлетлейәрис.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýakup 3:9
34 Iomraidhean Croise  

Adamyň nesilleri baradaky taryhy ýazgylar şeýledir. Hudaý ynsany ýaradanda, ony Öz keşbinde ýaratdy.


Kimde-kim bir ynsanyň ganyny dökse, onuň gany hem ynsan tarapyndan dökülsin. Çünki Hudaý ynsany Öz keşbinde ýaradandyr.


Dawut patyşa Bahuryma gelende, Şawulyň garyndaşlaryndan Geranyň ogly Şimgi diýen adam ol ýerden çykdy. Ol gidip barşyna Dawuda sögünýärdi.


Seruýanyň ogly Abyşaý: «Näme üçin Şimgi öldürilmeli däl, ol Rebbiň seçip-saýlanyna gargady ahyryn» diýdi.


Soň Dawut tutuş halkyň öňünde Rebbi alkyşlap, şeýle diýdi: «Eý, Atamyz Ysraýyl Hudaýy Reb, Saňa ezelden ebedä çenli alkyş bolsun!


Soň Dawut tutuş halka: «Hudaýyňyz Rebbe alkyş okaň» diýip ýüzlendi. Tutuş halk öz ata-babalarynyň Hudaýy Rebbe alkyş okadylar. Olar baş egip, Rebbe sežde, patyşa-da tagzym etdiler.


Çünki Reb dogrudyr; söýýär Ol dogry işleri; dogry ynsan görer Onuň ýüzüni.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury Dymma, eý, senamyň Hudaýy!


Rebbe şan-şöhrat bolsun! Rebbi şöhratlandyr, eý, meniň janym!


Ýüzügara boldum ähli ýagylaryma, ylaýta-da öz goňşularyma; betnyşan boldum men tanyşlaryma; köçede görýänler menden gaçýarlar.


Ýa Reb, meniň bilen dawalaşýanlar bilen Sen dawalaş; meniň bilen söweşýänler bilen Sen söweş;


Olar akyp gidýän suw dek, goý, ýitip gitsin, oklaryny çenänlerinde ujy kütelsin.


Eý, Hudaý, eýsem Sen bizi ret edäýdiňmi? Eý, Hudaý, indi goşunlarymyz bilen gitjek dälmi Sen?


Çünki Seniň sadyk söýgiň ýaşaýyşdan ýagşydyr, meniň dilim Saňa öwgüler aýdar.


Olar dillerini gylyç kimin ýiteldýär; bigünäni bukudan atmakçy bolup, ajy sözlerini peýkam kimin çeneýär; duýman durka ony atyp, asla gorkmaýar.


Seniň hem başgalara telim gezek gargandygyňy kalbyň bilýändir.


Reb şeýle diýýär: «Bu halk Maňa ýakynlaşyp, dili, dodaklary bilen Meni hormatlaýar, ýöne ýürekleri Menden uzakdadyr. Ynsan buýruklaryna görä Maňa ybadat edýärler olar.


Şonda Petrus ant içip: «Hudaý ursun! Men ol adamy tanamok» diýdi. Edil şol wagt horaz gygyrdy.


Emma Men size diýýärin: duşmanlaryňyzy söýüň, özüňizi yzarlaýanlar üçin doga-dileg ediň.


Şoňa görä ýüregim begençli, dilim şatlanýar, bedenim hem umyt bilen ýaşaýar.


Agyzlary gargyşdan, ajy sözden doludyr.


Erkek başyny örtmeli däldir. Çünki ol Hudaýyň keşbidir, Onuň şöhratydyr. Aýal bolsa erkegiň şöhratydyr.


Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa öwgüler bolsun! Ol Mesih arkaly bizi gökdäki ruhy ýalkanyşlaryň ählisi bilen ýalkady.


Atamyz Hudaýyň nazarynda päk hem nogsansyz dindarlyk ýetimleriň we dullaryň kyn gününde aladasyny etmekden ybaratdyr. Şeýle hem bu dünýäniň pisliginden özüňi päk saklamakdyr.


Alkyş we nälet bir agyzdan çykýar. Eý, mähribanlarym, bu beýle bolmaly däldir.


Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa öwgüler bolsun! Ol Öz beýik merhemetine görä, Isa Mesihiň ölümden direlmegi arkaly bizi täze durmuşa we ýaşaýyş umydyna gowşurdy.


Olar meýdana çykyp, öz üzümlerini ýygdylar. Üzüm ýenjilýän sokuda ýenjip, sykyp suwuny aldylar. Baýram etdiler, öz hudaýlaryna sežde etdiler. Iýip-içip, Abymelegi näletlediler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan