Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýakup 3:2 - Mukaddes Kitap

2 Biziň hemmämiz hem köp günä edýäris. Emma sözünde hata goýbermän, dilini jylawlap bilýän adam kämil bolup, tutuş bedenine gözegçilik edip bilýändir.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Бизиң хеммәмиз хем көп гүнә эдйәрис. Эмма сөзүнде хата гойбермән, дилини җылавлап билйән адам кәмил болуп, тутуш беденине гөзегчилик эдип билйәндир.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýakup 3:2
29 Iomraidhean Croise  

Olar Saňa garşy günä etseler, – günä etmeýän adam ýokdur – Sen gazaplanyp, olary duşman eline berseň, duşman olary ýesir edip, ýakynu-uzak ýurda äkitse,


Olar Saňa garşy günä etseler – günä etmeýän adam ýokdur – Sen gazaplanyp, olary duşman eline berseň, duşman olary ýesir edip, ýakynu-uzak ýurda äkitse,


Näme üçin Hudaýa gazaplanyp, agzyňdan beýle sözleri çykarýarsyň?


Men bolsa jul geýerdim olar syrkawka, agyz bekläp, özümi pespäl tutardym; emma jogapsyz galdy doga-dilegim.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.


Gepi köpüň ýazygy bardyr, emma agzyna eýelik edýän adam parasatlydyr.


Diline berk janyny goraýandyr, agzyboşlar heläkçilige barýandyr.


«Ýüregimi tämizledim, günäden päklendim» diýip, kim aýdyp biler?


Agzyna we diline berk janyny beladan goraýandyr.


Dogrusy, ýer ýüzünde diňe ýagşylyk edip, hiç bir günä etmeýän dogry adam ýok.


Haram adam deý bolduk ählimiz, ähli dogry işlerimiz haram esgi deý. Solýarys biz ýaprak deý, ýel dek alyp gidýär ýazyklarymyz bizi.


Eý, alahöwrenler nesli! Ynsanyň dili ýüreginden joşanyny sözleýändir. Şeýlelikde, özüňiz erbetkäňiz, nädip siz oňat zatlar sözläp bilersiňiz?


Siz öz sözüňiz bilen aklanyp, öz sözüňiz bilen höküm edilersiňiz».


Mukaddes Ýazgylarda hem şeýle ýazylgydyr: «Dogry adam ýok, ýok ýeke biri-de;


Şeýlelikde, men durmuşda şeýle ýörelgäniň bardygyny bildim: oňat işi etmekçi bolan badyma, mende ýamanlyk häzir bolýar.


Ýok, men Hoş Habary başgalara wagyz edenimden soň, ýaryşa gatnaşmakdan mahrum edilesim gelmeýär. Şonuň üçin-de, bedenimi türgenleşdirip, ony özüme tabyn edýärin.


Emma Mukaddes Ýazgylaryň yglan etmegine görä, biziň ählimiz günäniň tussaglarydyrys. Hudaý bolsa bize wada beren peşgeşini Isa Mesihe iman edýänimiz üçin berýär.


Çünki ynsan höwesleri Mukaddes Ruha garşydyr; Mukaddes Ruh hem ynsan höweslerine garşydyr. Olar biri-biri bilen hiç oňuşmaýarlar. Şonuň üçin-de, siz öz islän zadyňyzy edip bilmeýärsiňiz.


Şeýlelikde, biz hemmelere Mesih hakda wagyz edýäris. Olary Mesihiň bedeniniň kämil agzasy hökmünde hödürlär ýaly, her bir ynsana öwüt-ündew edip, uly akyldarlyk bilen taglym berýäris.


Öz şäheriňizden bolan, Isa Mesihiň guly Epafra hem size salam ýollaýar. Hudaýyň her bir islegini doly bilmegiňiz we imanda berk durup, kämil bolmagyňyz üçin, Epafra yhlas bilen hemişe Rebbe dileg edýär.


Eger kimde-kim özüni dindar saýýan bolsa, emma dilini saklamaýan bolsa, ol özüni aldaýandyr, onuň dindarlygy biderekdir.


Her bir işde ahyryna çenli çydaň, şonda kemsiz-köstsüz, berk we kämil bolarsyňyz.


Kimde-kim kanunyň hemme parzlaryny berjaý edip-de, diňe bir zatda günä etse, tutuş kanuny bozan hasaplanýandyr.


Çünki: «Döwran sürmegi isleýän bolsaň, ýagşy günleri görmekçi bolsaň, ýamanlykdan sakla sen öz diliňi we hileli gepden – dodaklaryňy;


Bol merhemet eçilýän Hudaý sizi Mesih arkaly Öz ebedi şöhratyna çagyrdy. Siz durmuşda ejir çekýän bolsaňyz hem, Ol sizi dikelder, berkider, güýçlendirer we sarsmaz bina edip gurar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan