Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýakup 3:10 - Mukaddes Kitap

10 Alkyş we nälet bir agyzdan çykýar. Eý, mähribanlarym, bu beýle bolmaly däldir.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Алкыш ве нәлет бир агыздан чыкяр. Эй, мәхрибанларым, бу бейле болмалы дәлдир.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýakup 3:10
14 Iomraidhean Croise  

Abymelek Ybraýymy çagyryp, oňa: «Bu näme etdigiň boldy?! Seniň meni we meniň patyşalygymy beýle uly günä bilen ýazykly ederiň ýaly, meniň saňa garşy eden günäm näme?! Sen maňa asla edilmeli däl işi etdiň» diýdi.


Tamar oňa şeýle diýdi: «Ýok, dogan, namysyma degme! Ysraýylda munuň ýaly zat görlen däldir. Beýle nejis iş etme!


Onuň baştutanlary para alyp, höküm çykarýarlar, ruhanylary tölegli sapak berýärler, pygamberleri pul üçin palçylyk edýärler. Şonda-da olar Rebbe daýanyp: «Reb biziň bilendir! Başymyza hiç bela gelmez» diýýärler.


Özüňize azar berýänlere gargamaň, tersine, olar üçin ýagşylyk diläň.


Bu dünýä heniz-de size öz täsirini ýetirýär, sebäbi araňyzda göriplik, dawa-jenjel bar. Eýsem bular siziň dünýä degişlidigiňizi aňlatmaýarmy? Siz dünýewi adamlar ýaly hereket etmeýärsiňizmi näme?


Mundan başga-da, olar öýden-öýe aýlanyp, bikär gezmäge endik ederler. Bikärlikleri bilen hem çäklenmän, gelşiksiz gepleri agza alyp, başgalaryň işine gatyşýan gybatkeşler bolarlar.


Eziz doganlar, aldanmaň!


Eý, söýgüli doganlarym, muňa üns beriň: her bir adam eşitmekde çalt, geplemekde assa, gaharlanmakda haýal bolsun.


Eý, doganlarym, hemmäňiz ýygnakda öwrediji bolmaň! Sebäbi biz öwredijileriň has berk höküme duçar boljakdygymyzy bilýänsiňiz.


Heý-de, bir bulagyň gözbaşyndan hem ajy, hem süýji suw akarmy?


Dilimiz bilen biz Rebbimizi we Atamyzy alkyşlaýarys, şol bir wagtyň özünde hem Hudaýyň keşbinde ýaradylan ynsanlary näletleýäris.


Ýamanlyga ýamanlyk, sögünje sögünç bilen gaýtargy bermän, tersine, alkyş bilen jogap beriň, sebäbi siz şunuň ýaly ýaşamaga çagyrylansyňyz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan