Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýakup 3:1 - Mukaddes Kitap

1 Eý, doganlarym, hemmäňiz ýygnakda öwrediji bolmaň! Sebäbi biz öwredijileriň has berk höküme duçar boljakdygymyzy bilýänsiňiz.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Эй, доганларым, хеммәңиз йыгнакда өвредиҗи болмаң! Себәби биз өвредиҗилериң хас берк хөкүме дучар болҗакдыгымызы билйәнсиңиз.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýakup 3:1
30 Iomraidhean Croise  

Onsoň Musa Haruna: «Ine, bu Rebbiň: „Hyzmatymy edýän ruhanylar Meniň mukaddesligime hormat goýmalydyrlar. Bütin halk Meni şöhratlamalydyr“ diýeni şudur» diýdi. Harun sesini çykarmady.


Muny eden kişi Hökmürowan Rebbe sadaka getiren bolsa-da, Reb onuň maşgalasyny Ýakubyň neslinden sogrup taşlap, ony jezalandyrsyn.


Şägirt öz halypasyndan, gul öz hojaýynyndan üstün däldir.


Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz Gögüň Şalygyna girmäge adamlaryň öňüni baglaýarsyňyz, oňa ne özüňiz girýärsiňiz, ne-de girjeklere ýol berýärsiňiz.


Fariseýler muny görüp, Onuň şägirtlerinden: «Näme üçin siziň Mugallymyňyz salgytçylardyr günäkärler bilen bile nahar iýýär?» diýip soradylar.


Baý ony ýanyna çagyryp: „Sen hakda eşidýän zatlarym näme? Iş dolandyryşyň babatda hasabat ber, sebäbi sen mundan beýläk meniň iş dolandyryjym bolup bilmersiň“ diýýär.


Başgalary ýazgarmaň, şonda siz hem ýazgarylmarsyňyz. Hiç kimi günäkärlemäň, şonda size-de günä ýöňkelmez. Bagyşlaň, siz-de bagyşlanarsyňyz.


Isa oňa şeýle jogap berdi: «Sen Ysraýylyň mugallymy bolubam, bulary bileňokmy?!


Antiýohdaky imanlylar ýygnagynda pygamberler we mugallymlar bardy. Olar Barnap, Garaýagyz lakamly Şimgon, kirineýli Lukiý, hökümdar Hirod bilen bile ösen Manahen we Şawul dagydy.


Hudaý ýygnaga ilki bilen resullary, soňra pygamberleri, üçünji edip öwredijileri belledi. Soňra gudrat görkezýänleri we şypa berýänleri, ýardam berýänleri we dolandyrýanlary, soňra nämälim dillerde gürleýänleri belledi.


Çünki ýagşy bolsun, ýaman bolsun, parhy ýok, bedendekäk eden işlerimize laýyk paýymyzy almak üçin, hemmämiz Isa Mesihiň höküm kürsüsiniň öňünde durmalydyrys.


Ine, Mesihiň Özi käbirlerini resul, käbirlerini pygamber, başga birilerini Hoş Habarçy, öwrediji, beýleki birlerini ýygnagyň çopanlary edip belledi.


Olar Mukaddes Kanuny öwretmekçi bolýarlar, ýöne ne öz aýdýanlaryna, ne-de wagyz edýän zatlaryna düşünýärler.


Hut şu maksat üçin, men jarçy we resul edilip bellendim. Dogrymy aýdýaryn, sözlerimde asla ýalan ýokdur: men ýahudy dällere iman baradaky hakykaty öwretmäge bellendim.


Men hem bu Hoş Habaryň jarçysy, resuly we öwredijisi edilip bellendim.


Ýolbaşçylaryňyzyň sözüne gulak asyň, olara tabyn boluň. Olar siziň janyňyz üçin Hudaýa hasabat bererler. Olaryň sözüne gulak asyň, sebäbi olar size gözegçilik edýändirler. Goý, olar borçlaryny şatlyk bilen ýerine ýetirsinler, gaýgy-hasrat çekmesinler, ýogsam, munuň size peýdasy degmez.


Eziz doganlar, aldanmaň!


Eý, söýgüli doganlarym, muňa üns beriň: her bir adam eşitmekde çalt, geplemekde assa, gaharlanmakda haýal bolsun.


Alkyş we nälet bir agyzdan çykýar. Eý, mähribanlarym, bu beýle bolmaly däldir.


Gol astyňyzdakylara agalyk etmezden, ýagşy görelde görkeziň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan