Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýakup 2:9 - Mukaddes Kitap

9 Emma adamlara tarapgöýlik edýän bolsaňyz, günä edýänsiňiz we Mukaddes Kanunyň öňünde kanuny bozan hasaplanýansyňyz.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Эмма адамлара тарапгөйлик эдйән болсаңыз, гүнә эдйәнсиңиз ве Мукаддес Кануның өңүнде кануны бозан хасапланянсыңыз.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýakup 2:9
13 Iomraidhean Croise  

Höküm çykaranyňda adalatsyzlyk etme. Garybyň tarapyny tutup ýa-da baýdan heder edip, adalatsyzlyk etme, ildeşiňe hemişe adalatly höküm çykar.


Hemaýatçy gelen wagty dünýäniň günä, adalat we höküm babatda nähakdygyny subut eder.


Siziň haýsyňyz Maňa günä ýöňkäp bilersiňiz? Eger Men hakykaty aýdýan bolsam, onda näme üçin siz Maňa iman etmeýärsiňiz?


Muny eşidip, ýaşululardan başlap, hemmesi ýeke-ýekeden gitmäge başlady. Diňe Isa bilen Onuň öňünde duran aýal galdy.


Şonda Petrus söze başlap, şeýle diýdi: «Men, hakykatdan-da, Hudaýyň hiç kime tarapgöýlik etmeýändigine göz ýetirdim.


Şeýlelikde, Musanyň Kanunynyň parzlaryny berjaý etmek arkaly Hudaýyň huzurynda hiç kim aklanyp bilmez. Tersine, bu Kanun arkaly adam özüniň günälidigine göz ýetirýär.


Emma iman etmedik ýa-da düşünmeýäniň biri pygamberlik aýdylyp durka gelse, ol hemmeler tarapyndan paş edilip, höküm edilýändigini eşider.


Mukaddes Kanunyň özi meni ölüme höküm etdi. Şoňa görä-de, men Mukaddes Kanun üçin öli bolup, indi onuň gözegçiliginde däldirin. Men indi Hudaý üçin ýaşaýandyryn. Men Mesih bilen haça çüýlendim:


Siz kazylyk edeniňizde, tarapgöýlik etmeli dälsiňiz: uly dawany-da, kiçi dawany-da deň diňläň. Hiç kimden gorkmaň, çünki çözgüt Hudaýdandyr. Size çözmesi kyn düşen dawany maňa getiriň, ony özüm diňlärin“ diýdim.


Günä edýän adam Hudaýyň kanunyny bozýandyr. Sebäbi günä etmek Hudaýa baş galdyrmak ahyry.


Ol ähli adamzada kazylyk eder, günä eden hudaýsyzlary höküm eder. Hudaýsyzlaryň ýaramaz etmişlerini we Oňa garşy küpür gepländikleri üçin olary jezalandyrar».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan