Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Ýakup 2:8 - Mukaddes Kitap

8 Eger siz Mukaddes Ýazgylardaky: «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýen iň möhüm buýrugy ýerine ýetirýän bolsaňyz, dogry iş edýänsiňiz.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Эгер сиз Мукаддес Язгылардакы: «Якыныңы өзүңи сөйшүң ялы сөй» диен иң мөхүм буйругы ерине етирйән болсаңыз, догры иш эдйәнсиңиз.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Ýakup 2:8
23 Iomraidhean Croise  

Emma Reb kakam Dawuda: „Maňa ybadat üçin öý gurmagy ýüregiňe düwmek bilen sen gowy etdiň; ýöne şeýle-de bolsa öýi sen gurmarsyň. Seniň biliňden önen ogluň Maňa ybadat üçin öý gurar“ diýdi.


Onsoň olar biri-birlerine şeýle diýişdiler: «Biziň bu edişimiz dogry däl. Bu gün hoş habar günüdir. Eger biz dymyp, ertir daň atara garaşsak, biziň başymyza bela geler. Şonuň üçin hem ýörüň, gideliň-de, patyşanyň köşgündäkileriň baryna habar bereliň».


Öz halkyňdan öç alma, olaryň hiç biri babatda içiňde kitüw saklama. Gaýtam, ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý. Men Rebdirin.


Araňyzda ýaşaýan gelmişekler siziň üçin ildeşiňiz ýaly bolsun. Olary özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň, çünki sizem Müsür ilinde gelmişek bolupdyňyz. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Reb oňa: «Seniň gaharlanmaga hakyň barmy?» diýdi.


Hudaý Ýunusdan: «Ösümlik babatda gaharlanmaga hakyň barmy?» diýip sorady. Ýunus: «Hawa, hakym bar. Gahardan ýaňa özüme ölüm dileýärin» diýdi.


Ikinjisi bolsa şunuň ýalydyr: „Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý“.


Hojaýyny oňa: „Berekella, ýagşy hem sadyk hyzmatkär! Sen kiçijik işde sadyk bolanyň üçin, indi beýik işleri saňa ynanaryn. Gel, hojaýynyň şatlygyna şärik bol!“ diýýär.


Hojaýyny oňa: „Berekella, ýagşy we sadyk hyzmatkär! Sen kiçijik işde sadyklygyňy görkezdiň, indi men seni beýik işleriň başyna geçirerin. Gel, hojaýynyň şatlygyna şärik bol!“ diýýär.


Şonuň üçin adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz-de olara şeýle ediň, sebäbi Musanyň kanuny bilen pygamberleriň ýazgylary-da şunda jemlenýär.


Ýakynyny söýýän adam oňa ýamanlyk edýän däldir. Şeýdip, başgalary söýýän adam Musanyň Kanunyny berjaý edýändir.


Çünki tutuş Mukaddes Kanun: «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýen bir buýrukda jemlenendir.


Biri-biriňize hemaýatkär boluň. Şeýle etseňiz, Mesihiň kanunyny berjaý etdigiňiz bolar.


Her nähili bolsa-da, meniň muşakgatlaryma şärik bolup, gowy etdiňiz.


Dogan söýgüsi barada ýazyp-da oturjak däl, sebäbi birek-biregi söýmegi size Hudaýyň Özi öwretdi ahyryn.


Emma kim azatlyk berýän kämil kanuna üns berip, eşidenlerini ýatdan çykarman, gaýtam, ony berk berjaý edýän bolsa, Hudaý ony her bir edýän işinde ýalkar.


Şonuň üçin hem, her bir gepiňiz we hereketiňiz azatlyk berýän kanun boýunça höküm ediljek adamlaryňky ýaly bolsun.


Sen Hudaýyň ýeke-täkdigine ynanýarsyň. Gowy edýärsiň! Muňa hatda arwah-jynlar hem ynanýarlar we galpyldaýarlar.


Eý, doganlar, biri-biriňizi ýamanlamaň. Kim doganyny ýamanlaýan ýa-da ony ýazgarýan bolsa, ol Hudaýyň kanunyny ýamanlap, ony ýazgarýandyr. Kanuny ýazgarýan adam bolsa ony berjaý ediji däl-de, oňa kazylyk edijidir.


Emma siz beýle dälsiňiz, çünki siz saýlanyp-seçilen halksyňyz. Siz patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz. Hudaý sizi garaňkylykdan Özüniň ajaýyp nuruna çagyrdy. Siz Onuň şan-şöhratyny yglan etmek üçin saýlanyp-seçilensiňiz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan